Türkmenistanyň prezidenti Täjigistanyň prezidentini gutlady
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda Emomali Rahmony Täjigistanyň prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlap, hat iberdi.
Täjigistanyň awtoritar prezidenti Emomali Rahmon 11-nji oktýabrda geçirilen saýlawda, resmi netijelere görä, 90 prosentden gowrak ses alyp, ýene bir ýedi ýyl täze möhleteprezident boldy.
Merkezi saýlaw komissiýasy 11-nji oktýabrda geçirilen saýlawlarda saýlawçylaryň 85,4 göteriminiň ses berendigini yglan etdi.
1992-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Rahmon mundan öň geçirilen dört prezident saýlawynda yzly-yzyna ýeňiş gazandy, olaryň hiç biri-de günbatar gözegçileri tarapyndan erkin ýa-da adalatly hasaplanmady.
TDH-nyň iki sözlemden ybarat habarynda döwlet baştutanynyň gutlag hatynda Täjigistanyň doganlyk halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edendigi aýdylýar.
Rahmon häkimiýet başynda Belarusyň dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenkadan hem uzak saklanan ýeke-täk post-sowet awtokraty bolup durýar.
Mundan öň türkmen prezidenti Belarusda geçirilen dawaly prezident saýlawyndan soň, halk protestlerine garaman iş başynda galýan Aleksandr Lukaşenkany, GDA ýurtlarynyň liderleriniň arasynda, gijigip gutlady.
Soňky ýyllarda, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol taslamasy bilen baglylykda, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň öňki ýyllarda garanda biraz ýaramazlaşandygy aýdylýar.