Baýden prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanjakdygyny, ýöne yglan etmegiň intek irdigini aýtdy
Prezidentlige Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Jo Baýden ABŞ-nyň prezident saýlawynda aç-açan ses köplügi bilen ýeňiş gazanjakdygyny aýtdy, ýöne göreş dowam edýän birnäçe ştatda poçta arkaly iberilen býulletenleriň sanamagynyň dowam edýän wagtynda ýeňiş yglan etmegiň entek irdigini belledi.
Baýden 7-nji noýabrda Arizona, Newada we Pensilwaniýa ýaly esasy göreş giden ştatlarda öňe saýlanmagyny dowam etdirdi, bu oňa Saýlaw Kollejiniň 300-den gowrak sesini almaga mümkinçilik berýär we ýeňiş üçin zerur bolan 270 ses derejesinden aşýar.
Saýlawçylar, 2000-nji ýyldan bäri ABŞ-da geçirilen prezident saýlawlarynyň arasynda häzirki netijelere has köp garaşýarlar. Koronawirus pandemiýasy wagtynda saýlaw uçastoklaryna ýygnanmak howatyrlanmalary sebäpli 100 milliondan gowrak saýlaw býulleteni poçta arkaly ugradyldy.
Baýden milli ses berişlikde prezident Donald Trampdan 4 milliondan gowrak artykmaç ses alyp, saýlawçylaryň "has köp zady üýtgetmegi saýlandygyny" görkezýär.