ABŞ-nyň baş prokurory prezidentlik saýlawlarynda galplyklaryň bolandygy barada delilleri tapmady
ABŞ-nyň Adalat departamenti 2020-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlarynyň netijelerini üýtgetjek köp sanly ses galplyklaryň bolandygy barada delil tapmady diýip, baş prokuror William Barr 1-nji dekabrda Associated Press gullugyna beren interwýusynda aýtdy.
Prezident Donald Trampyň iň ýakyn ýaranlarynyň biri Barryň beýanaty Trampyň we onuň hukuk toparynyň saýlawlaryň netijelerini üýtgetmek synanyşygynda eden öňe sürmeleriniň ähmiýetini gaçyrýar.
Barryň sözlerine görä, ABŞ prokurorlary we Derňewler boýunça Federal Býuronyň agentleri şikaýatlar we maglumatlar boýunça derňew geçiripdirler, emma saýlawlaryň netijelerini üýtgetjek hiç bir delil tapmandyrlar. Saýlawlarda saýlanan-prezident Jo Baýden ýeňiş gazandy.
Barr prezident Trampyň we onuň toparynyň ençeme interwýuda ses sanaýan ulgamlaryň saýlawlaryň netijelerini galplaşdyrmak üçin ýörite programmlanandygy baradaky eden öňe sürmelerini getirdi.
Barr öz edarasynyň we Içerki howpsuzlyk boýunça departamentiň bulary yzarlandygyny, emma “muňa delil bolar ýaly hiç zadyň üstünden barmandyklaryny” belledi.
Barryň beýanatynyň yzýany Trampyň hukuk topary Adalat departamenti tarapyndan derňewe “çalym edýän hiç zadyň” bolmandygyny öňe sürüp, beýanat ýaýratdy.
Trampyň hukuk topary möhüm ştatlarda birnäçe şikaýat bilen ýüz tutupdy. Olar ýeňlişe sezewar boldy ýa-da delilleriň ýetmezçilik edýändigi sebäpli ret edildi.