Putin Nawalnynyň zäherlenmeginde Russiýanyň ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin özüniň ýyllyk metbugat ýygnagyny geçirýär.
Onuň dowamynda Putin Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň zäherlenmegine Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň ilteşiklidigi baradaky täze derňewdäki maglumatlary ret etdi.
Şeýle-de, ol hiç hili subutnama getirmezden, rus oppozisiýa syýasatçysynyň ABŞ-nyň aňtaw gulluklary bilen işleşýändigini aýtdy.
Mundan başga-da, Putin Russiýanyň galan döwletler ýaly 2020-nji ýylda COVID-19 sebäpli meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny, emma pandemiýa bilen baglylykda beýlekilere garanyňda has netijeli çäreleri geçirendigini aýtdy.
Russiýa 145 million ilaty bilen COVID-19-a ýoluganlaryň sany boýunça dünýäde dördünji orunda, heläk bolanlaryň sany boýunça hem 10-njy orunda dur. Russiýada koronawirusa 2,7 million adam ýolugdy.
Putiniň bu ýygnagy Russiýanyň esasan çyg-mala daýanýan ykdysadyýetiniň esasy eksport serişdesi bolan nebitiň bahasynyň gaçmagy bilen kynçylyklary başdan geçirýän, şeýle-de Nawalnynyň zäherlenmeginiň, ABŞ-nyň hökümet edaralaryna Moskwanyň edendigi çaklanylýan kiber hüjümleriniň arasynda halkara dartgynlylyklaryň ýokarlanan döwrüne gabat geldi.