Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Gyzlary bilen ýaşaýan jaýyndan çykarylan aşgabatly zenan prezident Berdimuhamedowa ýüzlendi

Gyzlary bilen ýaşaýan jaýyndan çykarylan aşgabatly zenan prezident Berdimuhamedowa ýüzlendi

Aşgabatda howanyň temperaturasy gijelerine -3 gradusa çenli ýetýän şu günlerde gyzlary bilen ýaşaýan jaýyndan çykarylan aşgabatly zenan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlendi. Zenanyň wideoýüzlenmesi "turkmen.news" neşiri tarapyndan 16-njy dekabrda çap edildi.

"Kazyýetiň adalatlylygyna bolan ynamyny ýitiren we resmilere bil baglamaýan aýal konstitusiýanyň kepili we raýatlaryň hukuklaryny goraýjy hökmünde göni ýurduň prezidentine ýüz tutmaga mejbur bolýar" diýip, neşiriň habarynda bellenilýär.

Wideoýüzlenmede iki çaganyň ejesi Anna Kumykowa "adalatsyz tamamlanan sud işiniň netijesinde özüniň we iki gyzynyň - Selbiniň we Heseliň - 14-nji dekabrda gije köçä kowlandygyny" aýdýar.

"Men Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan prezidentine ýüzlenýärin. Men 19 ýyldan gowrak wagt bäri ýaşaýan jaýym babatda adalatlylygy dikeltmäge synanyşdym. Ýöne hiç zady subut edip bilmedim. Meniň emlägim we ähli goşlarym jaýyň girelgesinde dur. Howanyň temperaturasy -3 gradusy görkezýän mahaly, meniň çagalarym gijäni ulagda ýatyp geçirdiler" diýip, zenan öz ýüzlenmesinde aýdýar.

Ol mundan soňky gijelerde-de şu ýagdaýyň gaýtalanjakdygyny belläp, prezident Berdimuhamedowdan adalaty dikeldilmegi soraýar.

"Meniň bu ýerde dogan-garyndaşym ýok. Meniň hiç kimim ýok. Meniň başga ýaşajak ýerim ýok. Maňa kömek ediň" diýip, Kumykowa sözüni jemleýär.

Neşiriň 15-nji dekabrda çap eden maglumatyna görä, 2002-nji ýylda maliýe kynçylyklary sebäpli Kumykowanyň kireýine alýan jaýynyň eýeleri ondan ony satyn almagy haýyş edýärler. Kumykowa jaýyň şol wagtky eýeleri bilen gowy gatnaşykda bolany sebäpli olara hususylaşdyrylmadyk kwartiranyň puluny kwitansiýasyz berýär.

"Ähli zat 2017-nji ýylda Kumykowa kwartirany hususylaşdyryp, öz adyna geçirmek işine girişende başlandy... Jaýyň öňki eýesi (onuň elinde esasy resminama, ýagny onuň jaýda ýaşaýandygyny tassyklaýan şahadatnama bolmasa-da) 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda, bary-ýogy alty günüň içinde kwartirany oz adyna hususylaşdyrýar. Ol kazyýetiň üsti bilen Annany öýden çykarmaga synanyşýar, ýöne kazy Annanyň ýaşamak hukugyny tassyklaýar" diýip, neşir belleýär.

Maglumata görä, ýene iki sud işinden soň, öňki jaý eýesi kwartirany satyp, Russiýa gitdi. Kwartirany satyn alan ilkinji alyjy Annanyň öýden çykarylmagyny gazanyp bilmedi. Ondan soňky alyjy hat-da kazyýete-de gitmedi, jaýy derrew familiýasy Koržowa bolan bir aýala satdy. 

"Anna jaýy satyn alanlaryň hakykatda rieltorlardygyna we olaryň ýönekeý jaý eýeleriniň iki çagasy bolan aýaly kazyýetde ýeňip bilmejekdigine düşünip, özüne garşydaş hökmünde bäş çagaly Koržowany getirendigine ynanýar. Netijede kazyýet Koržowanyň bähbidine karar çykardy. 2020-nji ýylyň awgustynda Berkararlyk etrap kazyýeti Annanyň öýden çykmalydygy barada karar çykardy. Noýabr aýynda bu karar şäher kazyýeti tarapyndan tassyklandy" diýip, neşir belleýär.

Azatlyk Radiosyna bu ýagdaýlar barada Anna Kumykowanyň özi bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat almak başartmady. Bu barada Berkararlyk etrap we Aşgabat şäher kazyýetlerinden hem kommentariý alyp bolmady.

Türkmenistanda raýatlaryň kameranyň öňüne geçip, ýurduň häkimiýetlerine, şol sanda prezidentine öz arzyny aýtmagy we kömek soramagy bilen bagly ýagdaýlar seýrek ýüze çykýar.

Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda jaýlary hususylaşdyrmak, şeýle-de dürli sebitlerdäki hojalyk jaýlaryny ýykmak prosesiniň çäginde köp raýatlaryň ençeme ýyllap ýaşap oturan jaýyndan çykarylandygy barada soňky ýyllarda birnäçe gezek habar berdiler.

2016-njy ýylyň martynda Aşgabat şäheriniň Parahat-7 etrapçasynyň 16-njy jaýynyň 23-nji öýünde ýaşaýan Agabalaýewalaryň maşgalasy mundan 3 ýyl ozal paýtagtyň Fizkulturnaýa köçesinden jaýlary ýykylyp bu ýere göçürilendiklerini gürrüň berdi.

Şonda öý eýesi Patma daýza Azatlyga beren wideo interwýusynda jaýda dört maşgala, jemi 14 adam ýaşaýandygyny, her maşgalanyň öz uly çagalary bilen bir otagda ýatyp-turmaly we aşhanada nobata durup nahar bişirmeli bolýandygyny, özleri üçin ipoteka jaýyň hem berilmeýändigini gürrüň beripdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli synçylar bu raýatlara döwlet tarapyndan kömek edilip, jaý bilen üpjün edilmegiň deregine, olaryň köplenç yzarlamalara we basyşlara, şeýle-de işden kowulmak ýaly haýbatlara sezewar bolýandygyny aýdýarlar.

Gymmatbaha gurluşyklary alyp barýan türkmen häkimiýetleri we ýurduň media serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň etmeýärler.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.​

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

В Архангельске в результате пожара в жилом доме погиб один человек



Здоровье

Компания ICDMC приняла участие в торжественном открытии выставки “Тульское качество”




Українські новини

ОіБ - охорона і безпека: замовляй охорону в Харькові



Новости 24 часа

Компании Группы "Интеррос" взяли ряд наград премии FINAWARD



Game News

Bungie wins a little walkin' around money in first of its kind jury trial against Destiny 2 cheat maker, but the victory will likely make it even easier for game companies to keep taking cheaters to court



Москва

«ИМЕНЕМ ЗАКОНА»: «СВЯТОЙ ЛЕНИН» ОТМЕНЯЕТ НАЛОГИ С ЗАРПЛАТ НАРОДА!



News Every Day

Full list of cafes and restaurants where kids can eat free or cheap this half term – including Asda and Sizzling Pubs



Блоги

Компании Группы "Интеррос" взяли ряд наград премии FINAWARD



Москва

Нижегородский депутат приобрёл франшизу «МК в Нижнем»



Игорь Бутман

Оркестр Бутмана даст концерты в 25 городах в честь 25-летия коллектива



Москва

Современная система освещения. На «Новаторской» установили 90% ламп



Андрей Рублёв

Абсцесс остался позади // Андрей Рублев первым из игроков топ-10 вышел во второй круг



Москва

Компания ICDMC приняла участие в торжественном открытии выставки “Тульское качество”



РПЛ

РОСГВАРДЕЙЦЫ ОБЕСПЕЧИЛИ ПРАВОПОРЯДОК ПРИ ПРОВЕДЕНИИ ФУТБОЛЬНОГО МАТЧА РПЛ «АХМАТ» - «ЗЕНИТ» В ГРОЗНОМ



Симферополь

Розыск: в Крыму третий день ищут девочку пятнадцати лет



Москва

Компания ICDMC приняла участие в торжественном открытии выставки “Тульское качество”



Москва

Собянин: Под заселение по реновации с начала года передали 20 жилых комплексов



Москва

Компания ICDMC приняла участие в торжественном открытии выставки “Тульское качество”



103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

«Адвокат Валиевой: ей подсыпали допинг и сделал дедушка». Серьёзное расследование.

Исполнитель хита “На Заре 2020” Сергей АРУТЮНОВ оживил ещё один хит из 20-го века и выпустил песню “Лететь” вместе с её создателями - группой Амега.

Французского посла в Шри-Ланке нашли мертвым на его рабочем месте

А своё активное участие в разжигании напряжённости, народная поэтесса черноглазой родины умалчивает


Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге об инвестировании в отечественные цифровые технологии






Rss.plus

Компания ICDMC приняла участие в торжественном открытии выставки “Тульское качество”

Компания ICDMC приняла участие в торжественном открытии выставки “Тульское качество”

Компании Группы "Интеррос" взяли ряд наград премии FINAWARD

Исполнитель хита “На Заре 2020” Сергей АРУТЮНОВ оживил ещё один хит из 20-го века и выпустил песню “Лететь” вместе с её создателями - группой Амега.

Moscow.media
Москва

Собянин: Московский предпринимательский форум объединил более 3 тыс. человек



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Моргенштерн

Рэпер Моргенштерн не указал национальность в новых документах




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о популяризации спорта

Only Bet – бесплатные прогнозы на спорт

Аделина Панина: какие элементы фэншуй должны быть на кухне, чтобы есть и худеть


Большой шлем

Dagospia: Синнер и Калинская вместе поужинали в ресторане в Париже



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Проект Подмосковья стал победителем конкурса «Россия — футбольная страна»



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России