“Bellator” MMA boýunça türkmen türgeni bilen şertnama gol goýdy
“Şu gün MMA Junkie “Bellatoryň” Absolute Championship Akhmat (ACA) ligasynyň ýarym-agyr agram derejesiniň çempiony Döwletjan Ýagşymyradowy 205 funtlyk sanawyna goşandygyny öwrendi. Resmiler şertleri yglan etmeseler-de, köp söweşli, saýlama şertnamany tassykladylar” diýlip, websaýtyň habarynda aýdylýar.
21-nji dekabrda çap edilen maglumatda Ýagşymyradowyň häzirki wagtda rus çempiony Wadim Nemkow tarapyndan dolandyrylýan bölüme goşulýandygy hem bellenilýär.
Mundan ozal, has takygy 2019-njy ýylyň fewralynda garyşyk söweş tärleri, ýagny MMA boýunça türkmenistanly türgen Ýagşymyradow Absolute Championship Akhmat (ACA) ligasynyň 93 kilograma çenli, ýarym-agyr agram derejesiniň çempiony bolupdy.