Owganystan we Pakistan media işgärleri üçin 'iň howply' ýurtlaryň arasynda galýar
“Serhetsiz Reportýorlar” (RSF) guramasy şu ýyl žurnalistika işi sebäpli 50 adamyň öldürilendigini, Owganystanyň we Pakistanyň metbugat hünärmenleri üçin iň howply ýurtlaryň arasynda galýandygyny aýdýar.
Dünýäde öldürilen şol žurnalistleriň aglaba köplügi korrupsiýa, guramaçylykly jenaýat ýa-da daşky gurşaw meseleleri ýaly temalary derňändikleri üçin bilkastlaýyn öldürildi diýip, düýbi Parižde ýerleşýän, metbugat azatlygyna gözegçilik edýän guramanyň 29-njy dekabrda çap eden hasabatynda bellenilýär.
Şu ýyl öldürilen žurnalistleriň umumy sany 2019-njy ýyldaky görkezijiden, ýagny 53-den az boldy. Ýöne gurama şu ýyl koronawirus pandemiýasy sebäpli wakanyň bolýan ýerlerinde az žurnalistiň işländigini hem aýtdy.
Maglumata görä, Meksika metbugat işgärleri üçin iň howply ýurt bolmagynda galýar. Bu ýurtda şu ýyl sekiz adam öldürildi. Hususan-da, neşe gaçakçylary bilen syýasatçylaryň arasyndaky baglanyşygy öwrenýänler we derňeýänler howp astynda bolmagynda galýar.
Beýanata görä, şu ýyl Yrakda alty metbugat wekili öldürildi. Munuň bilen bagly hiç kim jezalandyrylmady ýa-da çynlakaý derňelmedi. Owganystanda-da bäş metbugat işgäriniň öldürilmegine sebäp bolanlar näbelli bolmagyna galýar. 2020-nji ýylda Pakistanda dört žurnalist öldürildi.