Aşgabatda üç sagatlap elektrik togy kesildi
29-njy dekabrda agşam sagat 9 töweregi paýtagtyň hemme ýerinde elektrik toguny kesdiler. Aradan 20-30 minut geçensoň, şäheriň käbir ýerlerinde, hususan-da hassahanalarda, myhmanhanalarda we "kaşaň, elitnyý" jaýlaryň ýerleşýän köçelerinde elektrik togy gaýtadan üpjün edildi. Paýtagtyň beýleki ýerlerinde elektrik üpjünçiligi birnäçe sagatdan soň peýda boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň birnäçe habarçysy Aşgabatda elektrik togy köpçülikleýin kesilenden bir sagat geçmänkä habar berdi.
Habarçymyzyň tassyklamagyna görä, sagat 21-de Parahat etrapçasynyň ähli ýerinde yşyklar öçdi, hatda Paýtagt söwda merkeziniň we heýkeltaraşlyk kompozisiýasynyň yşyklary hem söndi.
Habarçy adatça çyralar öçürilende bularyň yşyklarynyň söndürilmeýändigini aýdyp, tutuş şäherde elektrik togunyň ýokdugyny hem belledi.
Beýleki bir habarçymyz şäherdäki ähli ýaşaýyş ýerlerinde bir sagatdan gowrak wagt bäri elektrigiň ýokdugyny habar berip, ýollarda yşyklandyryşyň bardygyny we olaryň ätiýaçlyk generatorlary bilen işleýändigini aýtdy.
Bu barada sagat 22-ä golaý habar beren habarçy toguň takmynan sagat 21-de kesilendigini hem belledi. Onuň sözlerine görä, stadionda, myhmanhanalarda we Saglyk öýlerinde hem elektrik togy bar. Galan desgalar garaňkylykda.
Ýaşaýyş jaýlarynda toguň doly öçürilmegi 3 sagat töweregi dowam etdi. Elektrik togy ýerli wagt bilen agşam sagat 11:40 töwereginde gaýtadan berildi. Şondan bäri tok birnäçe gezek öçürildi we gaýtadan berildi.
Gije sagat 1-de Parahat etrapçalary elektrik togy bilen gaýtadan üpjün edildi.
Häzirki wagtda Aşgabadyň käbir etrapçalarynda elektrik togy heniz hem ýok. Mobil aragatnaşygy uly bökdençlikler bilen işleýär.
Köp adamyň öýünde elektrik enjamlary hatardan çykdy. Şäheriň ýaşaýjylary gyşyň sowuk günlerinde öýlerini elektrik enjamlary, toklary bilen gyzdyrýandygy sebäpli ýylanmakda uly kynçylyk çekdi.
Şol wagtda howa maglumatlary barada habar berýän Accuweather websaýtynda Aşgabatda howanyň temperaturasy -5 gradusy görkezýärdi.
Elektrigiň öçürilmegi köpçülikleýin häsiýetde amala aşyralana meňzeýär. Türkmen paýtagtynyň golaýyndaky Büzmeýin, Änew, şeýle-de Aşgabat GRES-iň ýerleşýän senagat şäherçesinde hem tok kesildi.
Türkmenistanyň demirgazyk sebiti Daşoguzda hem bir sagatlap elektrik üpjünçiligi bolmady.
Elektrik togunyň üpjünçiligi bilen baglanyşykly problemalar ýurduň gündogarynda, Lebap welaýatynda hem ýüze çykdy. Lebaply habarçymyz giçlik sagat 7:30 töwereginde kesilen toguň gije sagat 11-e golaý berilendigini aýtdy.
Beýleki bir habarçymyz toguň öçürilmegi sebäpli Türkmenabat şäherindäki ähli zawodlaryň, fabrikleriň, çörek öndürýän kärhanalaryň we hassahanalaryň elektriksiz galandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň paýtagtynda we käbir sebitlerinde uzak wagtlap elektrik togunyň kesilmegi we bu hadysanyň sebäpleri barada häzirlikçe resmi maglumat ýok.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.