Human Rights Watch Özbegistanda jemgyýetçilik guramalaryny bellige almaga degişli “muşakgatly” düzgünleri ýazgarýar
Prezident Şawkat Mirziýoýewiň hökümeti kanunçylyga üýtgetme girizmeli hem-de adam hukuklary we mejbury zähmet ýaly ynjyk meselelerde iş alyp barýan garaşsyz toparlaryň hökümete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramasy hökmünde hasaba alynmagyna rugsat bermeli diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama 7-nji ýanwarda beren beýanatynda aýtdy.
HRW prezidentiň 2018-nji ýylda jemgyýetçilik guramalara degişli çäklendirmeleri aradan aýyrmak wadalaryna garamazdan, “gümürtik hem-de muşakgatly” düzgünleriň öz güýjünde galýandygyny aýtdy.
Gurama soňky ýyllarda Özbegistanda hasaba durmaga synanyşan alty garaşsyz toparyň wekilleriniň sözlerini sitirledi. Olar özleriniň registrasiýa arzalarynyň “örän ownuk harp ýalňyşlary, grammatik ýalňyşlar ýa-da punktuasiýa hatalary, dyngy belgiler, doly däl maglumat, ýa-da arzalarda ulanylan dil” sebäpli ret edilendigini aýdýarlar.
Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň biri ahyrsoňy özüniň üçünji synanyşygynda bellige alnypdyr diýip, HRW aýdýar.