Milletçi syýasatçy Gyrgyzystanyň prezident saýlawynda ýeňiş gazanýar
Gyrgyzystanyň milletçi syýasatçysy we üç aý mundan ozal parlament saýlawlarynyň yzýany ýurtda dörän syýasy bulam-bujarlyk döwründe öz ygtyýaryny berkitmäge synanyşan Sadyr Japarow 10-njy ýanwarda geçirilen prezident saýlawynda ýeňiş gazanyp, korrupsiýa garşy göreşjekdigini we häkimiýetiň işine açyk-aýdyňlyk getirjekdigini aýdýar.
Japarow Bişkekde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Gyrgyzystanda kök uran korrupsiýa garşy göreşiň prezident hökmünde ileri tutulýan ugurlarynyň biri boljakdygyny aýtdy.
Geljekde hökümetiň alyp barýan işine “açyklygy” we “aç-açanlygy” getirjekdigini aýdan Japarow, korrupsiýanyň “durmuşyň ähli ugurlarynda kök urandygyny” belledi. Ol "ýöne mundan beýläk beýle dowam etmegine ýol bermeris" diýdi.
Saýlaw býulletenleriniň tas hemmesiniň sanalmagyndan soň, Merkezi saýlaw komissiýasy (BShK) Japarowyň 79%-den sähel azrak ses alandygyny aýtdy.
Prezidentlige dalaş eden 17 kandidatyň arasynda ikinji orunda barýan milletçi kandidat Adakhan Madumarow 6,7% ses aldy.
Madumarow saýlawlaryň netijelerini "hakykatdan uzak" diýip häsiýetlendirdi we "kanuny ýollar bilen adalat gözlejekdigini" wada berdi.
Şol bir wagtyň özünde geçirilen referendumyň netijeleri, takmynan 6,5 million ilatly bu Merkezi Aziýa döwletindäki prezidentlik wezipesiniň Japarowa giň ygtyýarlyk berjekdigini görkezdi.