"Talyban" wekilleri Aşgabatda Owganystandaky parahatçylyk meselelerini maslahatlaşýar
Azatlygyň Owganystandaky habarçysy şu gün irden owgan mediasyna salgylanyp, “Talybanyň” syýasy wekiliýetiniň başlygy Molla Abdylgany Bradaryň “Talyban” toparyna ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanyň çakylygy boýunça Aşgabada barandygyny habar berdi.
Bu maglumaty biraz soň twitterde “Ariana News” hem tassyklady we Molla Baradaryň Aşgabatda Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Reşid Meredow bilen Owganystandaky parahatçylyk prosesi, ikitaraplaýyn gatnaşyklar, serhet howpsuzlygy we Türkmenistanyň Owganystandaky taslamalary barada maslahat edendigini habar berdi.
Neşir bu maglumaty “Talybanyň” sözçüsi Mohammad Naeeme salgylanyp ýaýratdy.
Naeemiň sözlerine görä, “bilime goldaw bermek we saglyk bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda hususan-da TOPH gaz geçirijisi we demir ýol ýaly uly meseleler barada gürrüň edildi".