"Türkmenistan" awiakompaniýasy ýolagçy uçarlarynda ýük daşamaga başlaýar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 6-njy fewraldan “Boeing-777” ýolagçy uçarlarynda ýük daşap başlar diýip, “Turkmen.news” neşiri hökümetdäki çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Ilkinji uçuşlar Hindistanyň Mumbaý şäherinden Fransiýanyň Watri şäherine amala aşyrylar, Wikipediýanyň maglumatlaryna görä, bu howa menzili uçarlarda ýük daşamak boýunça iri halkara merkezi bolup durýar.
Hindistandan Fransiýa amala aşyryljak uçuşlar Aşgabatda gonup geçmek bilen amala aşyrylar diýip, neşir aeroportyň gümrük gullugyndaky çeşmä salgylanýar we Hindistandan gelýän ilkinji ýüklerde medisina enjamlarynyň, ýüz maskalarynyň we ellikleriň hem boljakdygyny belleýär.
Şeýle-de habarda şuňa meňzeş ýük gatnawlarynyň geljekde Hytaýdan Ýewropa hem amala aşyrylmak planynyň bardygy bellenýär.
Şu aralykda Türkmenabatdaky halkara howa menziliniň Ýolagçy terminalynda we Ýük terminalynda ýurduň sebitlerine ýük ugratmak hyzmalarynyň 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwaryndan ýola goýulandygy habar berildi.
Golaýda Türkmenistanyň kuwwatly ýük uçarlaryny satyn alýandygy mälim boldy.
Azatlygyň ýanwar aýynyň aýagynda habar berşi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentligi Airbus “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli iki sany ulanylan ýük uçaryny satyn alýar.
Breakingtravelnews internet neşiriniň maglumatyna görä, bu Türkmenistanyň Airbus uçarlaryny ilkinji gezek satyn almagy bolar.
Häzire çenli Türkmenistan esasan ABŞ-nyň “Boeing” korporasiýasynyň uçarlaryny ulanýardy.