BSG-niň koronawirusy pandemiýa yglan etmegine bir ýyl doldy
Bu bildiriş dünýäni tolgundyrdy, ykdysadyýetleri togtadyp, miliardlarça adam üçin durmuşy başaşak etdi.
“Öňümizdäki günlerde we hepdelerde, biz hadysalaryň, ölüm sanlarynyň we täsirlenen ýurtlaryň sanynyň has ýokarlanmagyna garaşýarys” diýip, BSG-niň başlygy Tedros Adhanom Gebreýesus şonda çykyş edipdi.
“Biz mundan ozal asla koronawirus tarapyndan tutaşan pandemiýa görmedik” diýip, ol aýtdy. “Şol bir wagtyň özünde, biz mundan ozal asla, gözegçilik astyna alyp bolýan pandemiýa görmedik” diýip, sözüne goşdy.
Jons Hopkins uniwersitetine görä, pandemiýa tutuş dünýäde 2,6 million adamyň janyny aldy, 118 million adama ýokaşdy, ýöne bu sanlaryň has ýokarydygyna ynanylýar.