Türk sudy türkmenistanly zenany öldürene ýene 29,2 ýyl türme tussaglygyny berdi
Stambulyň kazyýetinde geçen sud diňlenişiginde Baýram Sipahi özüniň saglyk ýagdaýyna salgylanyp, operasiýanyň geçirilmeginiň zerurdygyny, muny türme şerterinde amal edip bolmajakdygyny aýdyp, özüniň azat edilmegini sorady.
Emma sud Sipaha adam öldürmek aýyplamasy boýunça 25 ýyl, ogurlyk aýyplamasy boýunça hem 4 ýyl 2 aý, umumy hasapda 29 ýyl 2 aý türme tussaglyk hökümini çykardy.
Derňewiň netijesine laýyklykda, 2015-nji ýylyň 17-nji aprelinde Sipahi 44 ýaşly türkmenistanly Jemile Kerimowa bilen puluň öwezine birlikde bolmak barada ylalaşyp, bir öýe giripdirler. Şol wagt 47 ýaşly Sipahi Kerimowany arkasyndan pyçaklap öldüripdir, şeýle-de onuň el torbasyny we pullaryny alyp gaçypdyr.