Gyrgyz güýç dellaly Matraimow deslapky tussaglykdan boşadyldy, oňa garşy açylan iş ýapyldy
Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti (UKMK) 15-nji aprelde derňewçileriň daşary ýurtlarda Matraimowa ýa-da onuň maşgala agzalaryna degişli nagt pul ýa-da gozgalmaýan emläk tapmandygyny, şol sebäpden Matraimowa garşy açylan jenaýat işiniň bes edilendigini aýtdy.
Matraimow fewralda gaýtadan tussag edilende Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti onuň Hytaý, Russiýa, Türkiýe, Ukraina we Birleşik Arap Emirliklerinde gozgalmaýan emläk satyn almak arkaly pul ýuwmakda güman edilip, saklanandygyny aýtdy.
Ýüzlerçe gyrgyz Matraimow boýunça çykarylan hökümiň ýeňledilmegi barada has ozal çykarylan kazyýet kararyna protest bildirenden soňra, fewralda Bişkek kazyýeti Matraimowyň korrupsiýa aýyplamalary bilen baglylykda kazyýet diňlenişigine çenli tussag edilmegini buýruk beripdi.
Kazyýet hökümiň ýeňledilmegini Matraimowyň gözegçilik eden korrupsiýa shemasy arkaly ýitirim bolan 24 million dollar töweregi serişdäni onuň yzyna gaýtarmagy bilen düşündirdi.
Şol karar dekabrda kabul edilen ykdysady günä geçişlik kanunyna esaslanýar. Bu kanun bikanun ýollar bilen maliýe serişdelerini gazanan adamlara emläklerini döwlet gaznasyna tabşyrmak bilen jenaýat jogapkärçiliginden gaçmaga rugsat berýär.