Çehiýa we Orsýet Pragadaky we Moskwadaky ilçihanalarda deň, 32 işgär saklar
"[Çehiýanyň we Russiýanyň ilçihanalarynyň] her birinde ýedi diplomat we 25 administratiw-tehniki işgär bolmaly" diýip, Kulhanek Çehiýanyň “Blesk” gazetine beren interwýusynda aýtdy.
Kulhanegiň bu anyklaşdyrmasy Russiýanyň ar alyş çäresiniň çäginde çeh diplomatlaryny kowmagynyň bir gün soňundan edildi. Ol Orsýete Pragada häzirki wagtda Çehiýanyň Moskwadaky ilçihanasynda işleýän adamlardan kän işgär saklamaga rugsat berilmejekdigini aýtdy.
Bu dawa 17-nji aprelde, Praga içaly diýlip kesgitlenen 18 rus işgärini ýurtdan kowandan soň tutaşdy.
Çehler 2018-nji ýylda Angliýada adamlary nerw agenti bilen zäherlemekde günäkärlenen iki rus aňtaw ofiseriniň 2014-nji ýylda Çehiýanyň ok-ýarag ammarynda iki adamyň ölmegine getiren partlamanyň hem arkasynda bolandygyny aýtdylar. Russiýa Çehiýanyň aýyplamalaryny ret etdi we 18-nji aprelde 20 çeh resmisiniň ýurtdan çykmagyny sorady.