Ermenistanyň premýer-ministri işden çekilip, irki parlament saýlawyna ýol açýar
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan ýurduň geçen ýyl, Azerbaýjan bilen bolan urşy sebäpli dörän syýasy krizisden çykmagy üçin, işden çekilmek kararyna gelip, irki parlament saýlawlarynyň geçirilmegine resmi taýdan ýol açdy.
"Prezident we syýasy güýçler bilen gelnen ylalaşyga laýyklykda şu gün, 20-nji iýunda irki parlament saýlawlarynyň geçirilmegi üçin işden çekilýärin” diýip, Paşinýan 25-nji aprelde Facebookda öz gelen kararyny yglan etdi.
Paşinýan ses berişlige çenli öz premýer-ministr wezipesini dowam etdirmekçidigini we saýlawlara kandidat hökmünde gatnaşmagy planlaşdyrýandygyny aýtdy.
Bu göçüm Ermenistanyň Saýlaw kanunlaryna golaýda girizilen özgertmeleriň yz ýanyna gabat geldi. Oppozisiýa ol özgertmeleriň Paşinýanyň saýlawda täzeden ýeňiş gazanmagyna kömek etmek maksady bilen girizilendigini aýdýar.
Ermenistan noýabr aýynda, Orsýetiň araçylyk etmegi netijesinde, Azerbaýjan bilen Dagly-Garabag üstündäki söweşleri bes etmek baradaky şertnama gol çekeli bäri syýasy krizise ulaşdy.