Hasabat: ‘Talyban’ owgan aýal-gyzlarynyň hukuklaryny ‘çäklendirer’
ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň hasabatynda Birleşen Ştatlaryň goşunlary Owganystandan çykarylandan soň, bu ýurtda aýal-gyzlaryň hak-hukuklary babatynda soňky 20 ýylda gazanylan özgerişliklere howp abanyp biljekdigini duýdurylýar. Bu barada Birleşen Ştatlaryň aňtaw edaralarynyň esasy analitik gullugy bolan Milli Aňtaw Geňeşiniň 4-nji maýda çap eden hasabatynda bellenilýär.
Hasabatda “’Talybanyň’ aýal-gyzlaryň hukuklary babatynda berk çäklendiriji garaýyşyny dowam etdirýändigi, şeýle-de ol ýurtda häkimiýeti ele geçirse, onda soňky iki onýyllykda bu ugurda gazanylan özgerişlikleri ýok etjekdigi” bellenilýär.
Bu ABŞ-nyň goşunlarynyň Owganystandan çykarylmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biljek netijeler bilen ilteşikli edilen nobatdaky duýduryş boldy.
ABŞ we NATO 1-nji maýda Owganystandaky güýçlerini resmi ýagdaýda çykaryp başladylar. Ýurtdaky ABŞ-nyň 3 müň 500 we NATO-nyň 7 müň esgerleriniň ählisiniň 11-nji sentýabra çenli doly çykarylmagyna garaşylýar.
“Talyban” 1996-2001-nji ýyllar aralygynda häkimiýetde bolanda, ýurtda aýal-gyzlara bilim almak gadagan edildi we olar aglaba ýagdaýda öýlerinden çykarylman saklandy.
Geçen aý “Talyban” beýanat ýaýradyp, onda aýal-gyzlaryň, hijab geýmek şerti bilen, bilim, biznes, saglyk we jemgyýetçilik pudaklarynda işlemegine ygtyýar beriljekdigine söz berdi.
Emma 4-nji maýda ýaýradylan hasabatda jeňçi toparynyň wadalaryna şübhe bildirilýär.