Blinken ABŞ-nyň Ukraina 'goşmaça' harby kömek bermek meselesine seredýändigini aýtdy
Döwlet sekretary Antoni Blinken Birleşen Ştatlaryň Ukrainanyň umumy araçägiň golaýynda rus güýçleri köpeldilenden soň soran “goşmaça” harby kömek meselesine seredýändigini aýtdy.
Kiýew ABŞ-nyň howa gorag ulgamlarynyň we mergenlere garşy tehnologiýanyň, şeýle-de “Patriot” raketalarynyň Ukrainada ýerleşdirilmegini sorady.
Blinken 6-njy maýda Ukrain paýtagtynda ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary, şol sanda prezident Wolodymyr Zelenskiý bilen duşuşandan soň AÝ/AR-a beren interwýusynda Pentagonyň “ozal berlen örän düýpli, şol sanda Ukraina şu günki günde örän peýdaly bolup biljek kömeklerden başga, ýene näme goşmaça kömek berip boljagyna seredýändigini” aýtdy.
2014-nji ýyldan bäri, Orsýetiň Krymy anneksiýa edip, gündogardaky iki sebitde separatistlere goldaw bermegi sebäpli, Birleşen Ştatlar Ukraina 5 milliard dollar töweregi maliýe, ynsanperwer we harby kömek berdi.
Gündogar Ukrainadaky çaknyşyklarda 13,000-den gowrak adam öldürildi.