Lukaşenka prezidentiň ygtyýarlyklary barada ‘adatdan daşary ýagdaý’ kararyna gol çekdi
Belarusyň awtoritar dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka özüniň öldürilen ýagdaýynda ýa-da borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatynda prezidentiň ygtyýarlyklaryny ýurduň Howpsuzlyk geňeşine geçirmäge rugsat berýän karara gol çekdi.
Hökümetleriň köpüsi eýýäm, awgust aýynda geçirilen dawaly saýlawlar we oppozisiýa protestleriniň gazaply basylyp ýatyrylmagy sebäpli, Lukaşenkanyň prezidentlik ygtyýarlyklaryna eýe bolmagyny bikanun hasaplaýar.
Ozalky kanunçylyga görä, eger-de prezidentiň wezipesi boş bolsa ýa-da ol borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, täze prezident kasam kabul edýänçä, häkimiýet premýer-ministriň ygtyýaryna berilmelidi.
Emma 9-njy maýda gol çekilen kararda häkimiýetiň premýer-ministriň baştutanlygyndaky Howpsuzlyk geňeşine beriljekdigi aýdylýar.
Howpsuzlyk geňeşi Lukaşenkanyň elin saýlanan goldawçylaryndan ybarat. Lukaşenka aprel aýynda prezidentiň ygtyýarlyklary baradaky ätiýaçlyk kararyna gol çekjekdigini aýtdy.