Dünýäde Türkiýäniň aýallara garşy zulumyň öňüni almak konwensiýasyndan çykmagyna garşy protestler geçirilýär
11-nji maýda dünýäniň dürli döwletlerinde Türkiýäniň aýal-gyzlara garşy zulumyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek baradaky Stambul Konwensiýasyndan çykmak kararyna garşy nägilelikli protestler geçirilýär.
Amnesty International guramasynyň beýanatyna görä, protest çäreleri adam hukuklary, hususanda aýal-gyzlaryň hukuklary boýunça iş alyp barýan toparlar tarapyndan guramalaşdyrylyp, ol hem onlaýn älemde, hem-de köçelerde geçiriler. Bu Stambul Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 10-njy ýyl dönümine gabat geçirilýär.
“Muňa gol goýulmagyndan ylaýyk 10 ýyl soňra, bu gün aýal-gyzlar bir ses bolup, türk resmilerinden millionlarça aýal-gyzyň howpsuzlygyna, hat-da janynyna hem wehim abandyryp biljek kararyndan yza dönmegini talap edýärler” diýip, Amnesty International guramasynyň baş sekretary Agnes Kallamard beýanatda belledi.
Kallamard 20-njy martda türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Türkiýäniň Stambul Konwensiýasyny ratifirlemek kararyny ýatyrmagyndan soň, Türkiýedäki we dünýädäki aýallaryň muňa protest bildirmek üçin jebislenendiklerini aýtdy.
Amnesty International guramasy 11-nji maýda Türkiýäniň ençeme döwletindäki, şol sanda Britaniýadaky, Niderlandlardaky, Awstriýadaky, Italiýadaky we Belgiýadaky ilçihanalarynyň öňünde protestleriň geçiriljekdigini mälim etdi.