BSG çagalaryň arasynda aşa semizlik ýagdaýlarynyň köpelýändigini duýdurýar
Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSG) ençeme aýlap dowam edýän koronawirus çäklendirmeleriniň fonunda çagalaryň arasynda aşa semizlik ýagdaýlarynyň köpelendigini, şeýle-de munuň geljekde olaryň saglygyna uzak möhletli ýaramaz täsir ýetirip biljekdigini duýdurdy.
BSG-niň Ýewropa boýunça regional edarasynyň 11-nji maýda çap eden hasabatyna görä, mekdepleriň ýapylmagy we hereketleriň çäklendirilmegi çagalaryň iýmit we fiziki hereketine ýaramaz täsir ýetirip biler.
“COVID-19 BSG-niň Ýewropa sebitinde çagalaryň arasyndaky aşa semizlik tendensiýasyny has hem ýitileşdirip biler” diýip, BSG-niň Ýewropa sebiti boýunça direktory Hans Kluge belledi.
Aşa semizligiň COVID-19-yň has agyr simptomlary, şeýle-de ýürek-damar keselleri, süýji kesel we düwnük bilen ilteşiginiň bardygy bellenilýär.
Sebitiň 36 döwletinde geçirilen barlagda 6 we 9 ýaş çagalaryň tas üçden biriniň aşa semizlige uçrandygy anyklandy.
Mundan başga-da, Birleşen Ştatlarda we Ýewropada geçirilen barlaglar pandemiýa çäklendirmeleriniň uly ýaşly adamlaryň hem çenden aşa agram almagyna sebäp bolandygyny görkezdi. Munuň soňy bilen saglyk meselelerini döredip biljekdigi hem duýdurylýar.