Farapda türkmen talyplary Özbegistandan Türkmenistana geçmekde kynçylyk çekýär
![Farapda türkmen talyplary Özbegistandan Türkmenistana geçmekde kynçylyk çekýär](https://gdb.rferl.org/9F668C3D-C291-4BCE-B943-4231346062AE_cx0_cy0_cw70_w800_h450.jpg)
Türkmen studentleriniň onlarçasy Özbegistan bilen Türkmenistanyň serhedinden geçmekde kynçylyk çekýär. Goňşy ýurtda okaýan Türkmenistanyň raýatlary ýurduň gündogarynda Lebap welaýatynda ýerleşýän Farap serhet nokadyndan geçip, öz watanyna dolanmaga synanyşýarlar. Serhetdäki ýagdaý barada Azatlygyň Özbegistandaky we Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri gönüden-göni gürrüň berýärler.