Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

PÝGG ulag eýelerini täze derman gutularyny satyn almaga mejbur edýär

Lebap welaýatynda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy (PÝGG) sürüjileri awtoulaglara niýetlenen derman gutularyny satyn almaga mejbur edýär. Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan polisiýanyň işgäri gutulary ýerlemek boýunça özlerine ýörite gündelik plan-tabşyrygyň berlendigini aýdýar.


“Polisiýanyň işgäri ýolda saklap, beýleki dokumentler bilen birlikde, birinji medisina kömegini bermek üçin zerur serişdeli ulagdaky derman gutymy sorady. Men ozaldan bar bolan gutyny görkezsem, ol kanagatlanman, anyk ýerli kärhana tarapyndan öndürilen gutynyň bolmalydygyny aýtdy we ony şol ýerde onuň özünden satyn almagymy talap etdi. Ýogsa, jerime ýazjakdygy we ulagymy polisiýanyň duralgasyna äkitjekdigi bilen haýbat atdy” diýip, adynyň efirde üýtgedilip Ylýas diýlip tutulmagyny soran 40 ýaşlaryndaky faraply ýaşaýjy gürrüň berdi.


Ylýasyň sözlerine görä, onuň golaýda bar bolan derman gutusy bilen guratlyk hatyny almak üçin barlagdan geçendigi, şol pursat hiç hili meseläniň ýüze çykmandygyny düşündirmek synanyşyklaryna garamazdan, polisiýa işgäri onuň sözlerine gulak gabartmandyr.


“Ýol polisiýasy talap edilýän anyk derman gutusyny şol pursat onuň özünden satyn almasam, 1 müň 500 manat möçberinde jerime ýazjakdygyny, şeýle-de mundan beýläk guratlyk barlagyndan geçirilmejekdigimi aýtdy. Gutynyň bahasy 105 manat. Ony satyn almakdan başga alajym bolmady. Polisiýa satyn alandygym barada hiç hili kwitansiýa bermedi” diýip, Ylýas ýerli habarçymyza nägileligini bildirdi.




Şol bir wagtda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgäri gutulary satmak boýunça gündelik plan-tabşyrygyň bardygyny aýtdy.


“Ýolbaşçylarymyz her iş gününiň dowamynda sürüjilere 30 sany derman gutusyny satmagymyzy buýurdylar. Şol gutular dermanhanalarda 80 manatdan satylýar, käbir kärdeşlerimiz hilegärlik edip, onuň üstüne öz peýdasyny hem goýup, sürüjilere mejbury satyn aldyrtýarlar” diýip, polisiýanyň işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Habarçymyz indi Darganatada täze derman gutusy bolmadyk sürüjileriň ulaglaryna guratlyk hatynyň berilmeýändigini hem belledi.


Bu ýagdaýlar boýunça Lebabyň degişli polisiýa edaralaryndan kommentariýa almak başartmady.


Bellesek, bu guratlyk hatyny bermezlik ýa-da jerime ýazmak haýbaty bilen lebaply ulag sürüjileriniň boýnuna dakylýan talaplaryň diňe soňkusydyr.


Şu aýyň başynda Lebapda hususy awtoulaglaryny guratlyk barlagyndan geçirdýän raýatlardan öz ulaglarynda Aşgabada barmajakdyklary barada dilhat talap edildi. Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan ýagdaýlardan habarly çeşmeler munuň welaýat belgili awtoulaglary mümkingadar paýtagta eltmezlik baradaky tagallalaryň çäginde amal edilýändigini aýtdylar.


Türkmenistanda 2020-nji ýylyň martynda koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak tagallalarynyň çäginde welaýatlaryň arasyndaky hereket çäklendirildi. Ýöne mundan ozal hem häkimiýetler ýygy-ýygydan, hususan-da baýramçylyk senelerine gabatlap welaýat ýaşaýjylaryny Aşgabatdan çetde tutmaga synanyşdy.




Apreliň aýagynda bolsa, Lebabyň ýol polisiýasy, häkimiýetleriň gara we goýy reňkli awto ulaglary ak reňke boýatdyrmak talaplarynyň çäginde, sürüjilerden awto ulaglaryň korpusynyň gara reňkli böleklerini, şol sanda radiator gözeneklerini ak reňke boýatdyrmagy talap etdi. Şol pursat, bamperi we radiator gözenekleri ak reňke boýalmadyk awto ulaglaryň guratlyk barlagyndan geçirilmejekdigi hem aýdyldy.


Bellemeli ýeri, Türkmenistanda ak reňk prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň söýgüli reňki hasaplanýar. Ol ak reňkli awto ulag zerurlygyny yssy howa şertleri bilen düşündirýär. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň kanunçylygynda ýurduň çäginde hereket edýän transport serişdeleriniň belli bir reňkde bolmagy talap edilmeýär.


Azatlygyň ýerli habarçylary, ýurduň käbir beýleki pudaklarynda hem bolşy ýaly, ulag bilen bagly täze düzgünleriň aglabasynyň dilden görkezme esasynda girizilýändigini belleýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России