“Talybanyň” ilerlemegi netijesinde ýüzlerçe owgan esgeri Täjigistana gaçdy
Owganystanyň demirgazygynda “Talyban” jeňçileriniň barha köp sebitleri öz gol astyna geçirmegi bilen, 300-e golaý owgan esgeri gaçyp, Täjigistanyň serhedini geçdi. Bu barada Täjigistanyň Serhet gullugy 3-nji iýulda habar berdi.
Soňky iki hepdäniň dowamynda owgan esgerleri Täjigistanyň territoriýasyna eýýäm üçünji gezek gaçyp geçýärler.
Täjik Gümrük gullugy Owganystanyň demirgazyk-günbataryndaky Badagşan welaýatynyň serhet nokadynyň we onuň golaýyndaky birnäçe obanyň “Talybanyň” eline geçmeginden soň, ýagdaýlaryň “çylşyrymlaşandygyny” aýtdy. Gulluk munuň netijesinde 300-den hem aşa owgan esgeriniň Täjigistanyň Şamsiddin Şohin regionyna gaçandygyny belledi.
ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň Owganystandan resmi ýagdaýda çykarylyp başlanmagy bilen, “Talyban” hökümetiň gözegçiligindäki onlarça etraby basyp aldy. Munuň netijesinde, Günbatar tarapyndan goldanylýan Kabul hökümetiniň we owgan howpsuzlyk güýçleriniň synmagynyň mümkindigi barada aladalar bildirilýär.
Täjigistanyň hem düzümine girýän Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky “Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň” başlygy 3-nji iýulda çykyş edip, bolup geçýän ýagdaýlaryň barha köp alada döredýändigini, şeýle-de ‘täjik-owgan serhedini berkitmek” üçin goşmaça kömegiň gerek bolmagynyň mümkindigini aýtdy.
ABŞ-nyň güýçleriniň Owganystany terk etmegi bilen, Waşington Merkezi Aziýadaky strategiki hyzmatdaşlary bilen habarlaşaýar. 1-nji iýulda döwlet sekretary Antoni Blinken Waşingtonda özbek we täjik baş diplomatlary bilen duşuşyp, Owganystandaky ýagdaýlary maslahat etdi.
Owganystan bilen 804 km uzynlykdaky serhet araçägi bolan Türkmenistandan resmileriň bu hili ýokary derejeli gepleşiklere gatnaşýandygy barada maglumat ýok. Şeýle-de, resmi Aşgabat Owganystandan jeňçileriň abandyryp biljek howpy we söweş hereketleri sebäpli döräp biljek bosgunlaryň akymy barada hem hiç zat aýtmaýar.