Moldowanlar Ýewropa bilen has köp integrasiýa ýol açyp biljek parlament saýlawlarynda ses berýärler
Moldowanlar irki parlament saýlawlarynda ses berýärler. Ses berişligiň Russiýanyň ýurtdaky täsirini gowşadyp, Ýewropanyň iň garyp döwletiniň kontinent bilen integrasiýasyny has hem çuňlaşdyrjakdygyna çalym edýär.
11-nji iýuldaky ses berişlikde 20 töweregi partiýa dalaş edip, saýlawlarda 3,2 million adamyň, şol sanda ýurduň daşynda ýaşaýan uly diasporanyň hem ses bermäge hukuky bar.
Şol bir wagtda, Parlamentdäki orunlar üçin esasan iki partiýanyň – Ýewropa bilen integrasiýanyň tarapynda çykyş edýän, ýurduň prezidenti Maia Sandu tarapyndan esaslandyrylan Hereket we Raýdaşlyk Partiýasynyň (PAS), şeýle-de Russiýa bilen ýakyn gatnaşyklary isleýän Kommunistleriň we sosialistleriň saýlaw blogunyň dalaş etjekdigi bellenilýär.
Pikir soralyşyklara görä, partiýalaryň ikisiniň-de sesleriň 37%-ni almagyna garaşylýar. Şol bir wagtda, soňky barlaglarda PAS partiýasynyň öňe saýlanyp, Parlamentdäki zerur köplüge hem eýe bolmagynyň mümkindigi bellenilýär.
Ukraina bilen Ýewropa Bileleşiginiň agzasy Rumyniýanyň arasynda ýerleşýän Moldowada Brýussel bilen ýakyn gatnaşyklary gurmak ýa-da sowet döwründen gelýän Moskwa bilen gatnaşyklary saklap galmak boýunça köpden bäri jedeller dowam edýär.
PAS partiýasynyň ýeňişi bilen, Moldowany Ýewropa bilen integrasiýa ýolundan äkitmek isleýän prezident Sandu üçin kanunçykaryjy organynda goldaw dörär.
Moskwa bilen dostlukly partiýalaryň ýeňişi netijesinde, ozalky prezident Igor Dodonyň Russiýa babatynda alyp baran ýakyn gatnaşyklary dowam etdiriler.