Merkezi Aziýa DIM-leri we ABŞ prezidentiniň geňeşçisi hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
15-nji iýulynda Daşkentde “C5+1” formatynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ABŞ-nyň prezidentiň içerki howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendalyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, Türkmen DIM-i habar berýär.
Gepleşiklere ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad hem gatnaşdy.
Taraplar sebit howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen diplomatik gepleşikleri dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly çözülmegine ýardam etjek durnukly we abadançylykly tagallalary döretmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.
Duşuşykda Merkezi Aziýa liderleriniň Türkmenistanda geçiriljek indiki maslahatyna görülýän taýýarlyklar we döwlet baştutanlary tarapyndan seredilmeli resminamalar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.