Gyrgyz oppozisiýa lideri Moldokmatow tussaglykda açlyk yglan etdi
Gyrgyzystanyň oppozision "Turan" partiýasynyň lideri Jeniş Moldokmatow tussag edilmegine garşy nägilelik bildirip, açlyk yglan etdi.
Moldokmatowyň kömekçisi Erlan Bekçoro Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Moldokmatowyň özüne garşy goşmaça aýyplamanyň, ýagny köpçülikleýin bidüzgünçiligi guramak barada günälemeleriň öňe sürülendigi barada habar alnandan soň 26-njy iýulda açlyk yglan edendigini aýtdy.
Prezident Sadyr Japarowyň aç-açan tankytçysy Moldokmatow geçen oktýabr aýynda geçirilen parlament saýlawlarynyň resmi netijelerine garşy hökümete garşy ýörişlerde binalara gözegçiligi ele alandygy üçin maý aýynda tussag edildi.
Moldokmatow bu aýyplamany syýasy äheňli diýip ret etdi.
Moldokmatow oktýabr aýynda Gyrgyzystanyň mejlisine dalaşgärleriň biri bolup, resmi netijelere görä saýlawlarda ýeňilipdi.
Bişkekdäki saýlawdan soň ol müňlerçe adam bilen bilelikde köpçülikleýin demonstrasiýalara gatnaşdy. Mitingler hökümetiň we şol wagtky prezident Sooronbaý Jeenbekowyň işinden aýrylmagyna sebäp boldy.
Japarow tolgunyşyk wagtynda demonstrantlar tarapyndan türmeden boşadylan birnäçe görnükli syýasatçynyň arasyndady. Ol 2013-nji ýylyň oktýabr aýynda Gyrgyzystanyň demirgazyk-gündogaryndaky dag-magdan işlerine garşy geçirilen demonstrasiýalaryň dowamynda adamy zamun alnanlygy üçin 10 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.
Ýanwar aýynda geçirilen prezident saýlawynda Japarow ýeňiş gazandy.
Moldokmatowyň 6-njy maýda tussag edilmegi Japarowyň aprelde ähliumumy referendumda tassyklanan konstitusiýa üýtgetmelerine gol çekmeginden üç gün soň boldy.
Japarowyň garşydaşlary konstitusion üýtgetmeleriň prezidente has köp ygtyýar berýändigini aýdyp, bu ädimi tankyt etdiler.