ABŞ birnäçe ýurda syýahat etmek boýunça duýduryşlary güýçlendirýär
ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi (CDC) we Döwlet departamenti bu ýurtlarda COVID-19 keseliniň sanynyň köpelmegi sebäpli Ispaniýa, Portugaliýa, Kipre we Gyrgyzystana syýahat edilmezlik barada duýduryş berdiler.
Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi agzalan ýurtlara syýahatçylyga degişli duýduryşyny dördünji derejä çykardy we amerikalylary syýahat etmezlige çagyrdy, Döwlet departamenti bolsa, dört ýurda syýahat etmezlik barada rekomendasiýa çykardy.
Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi we Döwlet departamenti sanjym edilmedik syýahatçylaryň Ermenistana möhüm bolmadyk syýahatdan gaça durmalydygyny aýdyp, bu ýurdy 3-nji derejä çykardylar.
Döwlet Departamenti Wengriýa we Ukraina syýahat barada duýduryşlary öňe sürdi we syýahatçylaryň Wengriýa syýahatyna täzeden garamalydygyny we Ukraina gideninde seresap bolmalydygyny aýtdy.
Iýun aýynda ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi (CDC) 110-dan gowrak ýurt we region üçin syýahat talaplaryny ýeňilleşdiripdi, ýöne keselçiligiň köpelmegi täze duýduryşlaryň edilmegine sebäp boldy.
26-njy iýulda edilen bu resmi duýduryşlar ABŞ-nyň Weteranlaryň işleri boýunça ministrliginiň saglygy saklaýyş işgärlerinden ilkinji bolup, COVID-19 waksinalaryny almagy talap eden pursadyna gabat geldi.
Agentligiň 115 000 saglygy saklaýyş işgärine doly waksina almak üçin sekiz hepde berilýär, emma boýun gaçyrýan işgärlere näme boljagy aýdylmaýar.