“Talyban” Kabuly güýç bilen almajakdygyny, gepleşik geçirýändigini aýdýar
"Yslam Emirligi ähli güýçlerine şähere girmäge synanyşman, Kabulyň derwezesinde durmagy tabşyrýar" diýip,“Talybanyň” sözçüsi twitterde aýtdy.
Emma ady aýdylmadyk owgan resmileri “Associated Press” habar gullugyna “Talyban” söweşijileriniň eýýäm paýtagtyň Garabag we Pagman etraplaryna girendigini aýtdylar.
Prezident köşgi sosial ulgamlarda Kabulyň töweregindäki birnäçe nokatda atyşyk sesleriniň eşidilendigini, ýöne howpsuzlyk güýçleriniň halkara hyzmatdaşlary bilen utgaşyklykda, şäheri gözegçilik astynda saklaýandygyny aýtdy.
Şu aralykda "Talyban" şähere güýç we söweş bilen girmek niýetiniň ýokdugyny, Kabula parahatçylykly girmek üçin beýleki tarap bilen gepleşik geçirýändigini" aýtdy.