Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Prezident Marydaky 'ak öýüň' ýanynda ýene bir 'dabara binasyny' gurdurýar

Türkmenistanda “köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmek” üçin ýene bir uly, bahasy aýdylmaýan bina gurlar. Bu Türkmenistanda dünýädäki koronawirus aladalary we emele gelen ykdysady ýagdaýlar bilen baglylykda gurulmaly binalaryň sanawyna gaýtadan seretmek barada prezident derejesinde berlen tabşyrykdan soň gurulýan dabara binalarynyň ýene biri bolar.


Mary sebitiniň häkimligine tabşyrylan desganyň gurluşygy baradaky karara Azatlygyň türkmen prezidentiniň Mara etjek saparyna görülýän taýýarlyk barada çap eden habarynyň yz ýanyndan gol çekildi.


Binanyň taslamasyny düzmek, ony döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Ak täjirçilik merkezi” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.


Emma häkimligiň şeýle ygtyýarnama almak üçin prezidente ýüz tutandygy ýa-da bu binanyň, soňky ýyllarda gurlan “ak öý” binalarynda bolşy ýaly, prezidentiň öz teklibi esasynda guruljakdygy anyklaşdyrylmady.




Täze dabara binasyny gurjak “hojalyk jemgyýetiniň” hem kime degişlidigi ýa ozal nähili binalary gurandygy, bu taslama boýunça bäsleşigiň yglan edilip-edilmändigi hem aýdylmaýar.


Şeýlelikde, täze binanyň gurluşygy şu aýda, belki-de prezidentiň Mary sebitine sapar edýän günlerinde başlanmaly we ol geljek ýyl iýun aýynda, ýurtda prezidentiň doglan gününiň öňüsyrasynda guralýan Medeniýet hepdeligine gabat, doly ulanmaga taýýar edilmeli.


Adatça bolşy ýaly, Marydaky “Ak öý” binasynyň ýanynda guruljak 3000 orunlyk desganyň döwlet gaznasyna näçe serişdä düşjekdigi, bu çykdajynyň ozal nazarda tutulyp-tutulmandygy hem anyklaşdyrylmaýar.


Türkmenistanda birden, näme üçindir gyssanmaç we gysga wagtda gurulmagy tabşyrylýan desgalar diňe uly möçberdäki döwlet serişdesiniň ýerliksiz harçlanmagyna däl, käte agyr şertlerde, gyssamak we howlukdyrmak bilen işledilýän işçileriň heläkçiligine hem alyp gelýär.


Bu ýagdaýyň soňky bilinýän pidasy 5-nji iýunda Türkmenabadyň köpugurly hassahanasynda aradan çykan 40 ýaşly işçi boldy.


Azatlygyň habarçylary onuň 4-nji iýunda, 47 gradusdan geçýän yssy howa şerlerinde, prezidentiň doglan gününe çenli doly gurlup gutarmaly “ak öý” binasynyň gyssanmaç alnyp barylýan gurluşyk işlerine gatnaşýan wagty, iş ýerinde näsaglandygyny habar berdiler. Emma lukmanlar merhumyň ölüminiň sebäbini onuň ýürek näsaglygynyň bolandygy bilen düşündirdiler.




Täze dabara desgasynyň zerurlygy, prezidentiň kararyndan görnüşine görä, ýurduň sebitlerinde “täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek, ilatyň medeni-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen” düşündirilýär.


Ýurtdaky ilkinji "ak öý" binalary ilki Maryda guruldy we prezident soň şeýle binalaryň beýleki sebitlerde hem gurulmagyny buýurdy. Bu ýagdaý indi beýleki sebitlerde gurlan "ak ňýleriň" ýanynda hem 3000 orunlyk täze, goşmaça dabara binasynyň gurulmak ähtimallygyny gün tertibine getirýär. 


Emma ýerli synçylar we ýaşaýjylar sebitlerde “ak öý” ýa “köpçülikleýin dabaraly çäre” binalaryndan ozal, ilkinji nobatda soňky otuz ýylda ýeterlik ideg edilmedik infrastruktura: suw desgalaryna, ýollara we köprülere, elektrik, gaz geçirijilerine, ýagny ilatyň iň zerur iş we durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönüden-göni hyzmat etjek taslamalara maýa ýatyrylmalydygyny aýdýarlar.


Türkmen hökümetiniň tankytçylarynyň köpüsi ýurtda diňe bir adamyň karar bermeginde gurulýan gurluşyklaryň arkasynda esasan korrupsiýa maksatlarynyň ýatandygyny öňe sürýär. emma resmi Aşgabat bu aýdylýanlary ne inkär edýär, ne-de tassyklaýar.


Şol bir wagtda, halkara hasabatlarynda iň korrumpirlenen ýurtlaryň biri bolan Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi wagtal-wagtal korrupsiýada aýyplanan raýatlaryň aglap toba edýändigini görkezýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России