Polşa Belarus bilen serhetde 2,5 metr beýiklikde diwar gurar
Polşanyň häkimiýetleri Belarus bilen serhetde 2,5 metr beýiklikdäki päsgelçilik gurmak kararyna geldi. Bu barada duşenbe güni Polşanyň Goranmak ministri Mariusz Blaszak habar berdi. Şeýle hem, onuň sözlerine görä, serhetçilere kömek etmek üçin serhede iberilen harby gullukçylaryň sany köpeler.
Bu ädimler, soňky hepdelerde Ýewropada gaçybatalga soramak üçin Belarusyň serhedinden Polşa geçmäge synanyşýan migrantlaryň, esasan Yragyň, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň we Aziýa ýurtlarynyň raýatlarynyň sanynyň düýpgöter ýokarlanmagyna bolan reaksiýasydyr.
Ýewropa Bileleşigi we Warşawa Minski Aleksandr Lukaşenkonyň režimini tankytlaýan goňşulary üçin kynçylyk döretmek üçin bikanun migrasiýa ýol bermekde ýa-da ony gönüden-göni gurnamakda aýyplaýarlar.
Ondan öň serhetýaka sebitlere 900 töweregi polýak esgeriniň iberilendigi habar berildi. Şeýle hem, ozal migrantlaryň sanynyň düýpgöter köpelmegine sezewar bolan Litwa kömek bermek üçin 50 töweregi polşaly kanun goraýjy işgäriniň iberilmegi planlaşdyrylýar.
Polşanyň serhet gullugynyň habaryna görä, 2020-nji ýylda serhetde 122 bikanun migrant tussag edilipdi we 2021-nji ýylyň başyndan bäri olaryň sany 800 çenli artypdyr.
Litwada bu sanlar has köp.
Polşa bilen Belarusyň arasyndaky serhediň uzynlygy 400 kilometre barabar bolup, bölekleýin Günbatar Bug derýasynyň üstünden geçýär. Migrantlar, adatça, demirgazyk böleginde serhetden geçmäge synanyşýarlar.