ABŞ-yň wise-prezidenti Harris Wýetnamy Hytaýyň “dyzmaçlygyna” garşy çykmaga çagyrdy
Harris Hanoýa mundan bir gün öň geldi. Ol sebite amala aşyrýan bir hepdelik saparynyň dowamynda regiondaky ýaranlaryny Birleşen Ştatlaryň daşary syýasaty babatynda arkaýynlaşdyrmagy maksat edinýär.
“Biz Pekine BMG-niň Deňiz baradaky Konwensiýasyna ygrarly bolmagy ugrunda basyşlary güýçlendirmek, şeýle-de onuň dyzmaç hereketlerine we aşa deňiz talaplaryna garşy çykmak boýunça ýollary tapmaly” diýip, Harris Wýetnamyň prezidenti Nguýen Suan Fuk bilen geçirmeli ikitaraplaýyn gepleşikleriniň açylyş dabarasynda çykyş etdi.
Mundan bir gün öň, ABŞ-nyň wise-prezidenti Singapurda hem meňzeş mazmunly çykyş etdi. Ol Hytaýyň Günorta Hytaý deňzindäki hereketlerini “mejburylyk” we “haýbat” hökmünde häsiýetlendirip bolýandygyny hem nygtady.
Hytaý, Wýetnam, Bruneý, Malaýziýa, Filippinler we Taýwan Günorta Hytaý deňziniň belli bir böleklerine eýeçilik talaplaryny bildirýärler. Balykçylyk üçin amatly deňizden möhüm gämi ýollarynyň geçmegi bilen birlikde, onuň düýbünde gaz gorlary hem ýerleşýär.
Pekin Günorta Hytaý deňzindäki emeli adalarda harby bazalaryny ornaşdyryp, munuň indi özygtyýarly suwlardygyny öňe sürüp, daşary ýurtly harby gämileriň geçmegine garşy çykýar.