Türkmenistan Mercedes we beýleki kysymly ulaglaryň getirilmegini çäklendirdi
Neşir ulaglara girizilen gadagançylyklaryň sebäpleriniň aýdyň däldigini, şeýle-de Mercedes we BMW kysymly ulag eýeleriniň 2020-nji ýylyň martyndan bäri guratlyk barlagyndan geçip bilmeýändigini belleýär.
Türkmen häkimiýetleri raýatlaryň awtoulag sürmegi bilen bagly başga-da dürli-dürli çäklendirmeleri durmuşa geçirýärler.
Türkmenistanda awtoulag eýelerinden öz ulaglaryny ak ýa-da açyk reňke boýamak talap edilýär. Ak reňk döwlet baştutanyň söýgüli reňki hasaplanýar.
Türkmenistanda awtoulaglaryň reňki bilen bagly gadagançylyklara 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde hereket edýän awtoulaglarda gara diskleriň gadagan edilmegi bilen badalga berildi. 2015-nji ýylda gara we garaňky reňkli awtoulaglaryň ýurda getirilmegine gadagançylyk girizildi. 2017-nji ýylyň dekabr aýynda häkimiýetleriň ulaglar boýunça ak reňk talaby has-da güýçlendi. 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde häkimiýetleriň gara we garamtyl reňkli ulaglara girizýän hereket çäklendirmeleri barada yzly-yzyna habarlar gelip gowşupdy.
Galyberse-de, ýurtda dürli bahanalar bilen aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasy ellerinden alynýar, aýallaryň eýeçiligindäki ulaglaryň guratlyk hatynyň möhleti uzaldylmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.