Gaza serhedinde tüpeňlenen palestinaly çaga ok ýarasyndan jan berdi
Ysraýyl goşuny serhet diwaryna partlaýjy serişdeleri zyňýan we ondan aşmaga çalyşýan palestinaly "gozgalaňçylara" göni ok atmak we beýleki çäreler bilen jogap berendigini aýtdy.
Şeýle-de, çaknyşyk wagtynda bir protestçiniň atan okundan ýaralanan ysraýyl esgeriniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.
Ysraýyl bu çaknyşyklardan soň Gazany dolandyrýan yslamçy toparyň, Hamaz söweşijileriniň ýarag öndürýän we saklanýan ýerlerini nyşana alyp, howa zarbalaryny urandygyny aýtdy.
Protestler Hamaz bilen Ysraýylyň arasynda soňky ýyllarda turan iň gazaply çaknyşyk bolan 11 günlük söweşi togtadan näresmi ýaraşykdan üç aý soň boldy.