Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Owganystanyň häzirki ýagdaýy Russiýanyň, Hytaýyň hem ABŞ-nyň Merkezi Aziýa bolan gatnaşygyny nähili üýtgeder?

Owganystandaky häkimiýetiň duýdansyz üýtgemegi Merkezi Aziýanyň esasy güýçler bilen gatnaşyklaryna täsir ýetirer. Käbir adamlar ýakyn ýyllarda Russiýanyň sebitde täsiriniň artjakdygyna; Hytaý bilen ABŞ-nyň täsiriniň peselmeginiň mümkindigine ynanýarlar.

ABŞ

“Talybanyň” Owganystandaky ýeňşi Merkezi Aziýanyň esasy güýçler bilen gatnaşyklaryny nähili özgerder? Käbir bilermenleriň pikiriçe, ABŞ-nyň Owganystandan çykmagy Waşingtonyň Merkezi Aziýadaky abraýyna zyýan ýetirip biler, bu bolsa ABŞ bilen sebitdäki post-sowet respublikalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň pese düşmegine sebäp bolar.

Şeýle-de bolsa, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky Owganystandaky 20 ýyllyk harby operasiýalaryň özleri üçin nähili möhüm bolandygyny ýatdan çykaryp bilmese gerek.

Aýratyn-da, häzirki wagtda Owganystanda "Talybanyň" gaýtadan hökümete gelen döwründen öň, ABŞ-nyň Owganystanda bolmagyndan, Merkezi Aziýa döwletleri ýaly has köp peýda gören ýurt bolmandy.

“Talyban” 1990-njy ýyllaryň ahyrynda Merkezi Aziýanyň serhedine baryp ýeteninde, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hökümetleri sözüň doly manysynda agyr howpuň alnyndady. Diňe Türkmenistan resmi bitaraplyk syýasaty arkaly owgan söweşiji toparlary bilen düşünişmegi başardy.

Ýöne 2001-nji ýylyň ahyrynda ABŞ we onuň ýaranlary Owganystanda harby operasiýa başlansoň, Merkezi Aziýanyň serhedine ýakyn gelen howplar ýok edildi. Şeýlelikde, Demirgazyk Owganystan 2013-nji ýyla çenli belli derejede asuda sebit boldy.

Şol ýyllarda Merkezi Aziýa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, onuň daşary ýurtly ýaranlarynyň we owgan hökümet güýçleriniň tagallalary netijesinde, parahatçylykly ösüşe mümkinçilik gazandy.

ABŞ goşunlarynyň Owganystandan çykarylmagynyň netijeleri garaşylmadyk ýagdaý hasaplansa-da, ýaragly güýçleriň çykaryljakdygy mundan 10 ýyl ozal – baryp prezident Barak Obama tarapyndan yglan edilipdi. Şeýlelikde, Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylaryna daşary ýurt goşunlarynyň Owganystandan çykaryljakdygy öňden mälimdi, olaryň muňa taýynlyk görmäge 10 ýyl mümkinçiligi boldy.

2001 – 2021-nji ýyllar aralygynda ABŞ Merkezi Aziýa bilelikdäki okuw hem türgenleşik arkaly Owganystandan abanýan howpy ýüze çykarmak we ony zyýansyzlandyrmak ukybyny artdyrmaga kömek etdi, maliýe ýardamyny berdi hem serhet howpsuzlyk enjamlaryny täzelemäge mümkinçilik açdy; harby tehnikalary, şol sanda kyn ýollardan geçýän hem ýük awtoulaglaryny (Özbegistan üçin) harby enjamlary, minalardan we gizlin hüjümlerden goraýan sowutly ulag göterijileri berdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Russiýa we Hytaý bilen deňagramlylygyň bir görnüşi bolup, Merkezi Aziýa Moskwanyň ýa-da Pekiniň aşa täsirli basyşynyň astynda galmazlyga mümkinçilik döretdi.

RUSSIÝA

Käbir bilermenler ABŞ-nyň we oňa soýuzdaş güýçleriň Owganystandan çykarylmagy tamamlanandan soň, Russiýanyň Merkezi Aziýadaky täsiri ep-esli ýokarlanar diýip hasaplaýarlar.

Merkezi Aziýada howpsuzlygy üpjün etmek nukdaýnazaryndan Russiýa ol sebitde uzak wagtdan bäri harby güýçlerini saklap gelýär. Bu ABŞ we soýuzdaş güýçler Owganystandaky operasiýalary goldamak üçin, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň bazalarynda ýerleşmeginden has öň ýola goýlupdy.

Orsýetiň 201-nji diwiziýasy 1940-njy ýyllardan bäri Täjigistanda ýerleşýär we 2012-nji ýylda gol çekilen şertnama boýunça azyndan 2042-nji ýyla çenli şol ýerde galar.

2003-nji ýylda Russiýa Gyrgyzystanyň Kant şäherinde harby baza açdy, bu ýerde eýýäm ABŞ güýçleri ýerleşdirildi. 2012-nji ýylda gol çekilen şertnamanyň şertlerine laýyklykda, rus goşunlary azyndan 2027-nji ýyla çenli şol ýerde galyp biler, soňra bu şertnamany ýene bäş ýyl uzaltmak mümkinçiligi-de bar.

Kagyz ýüzünde Kantdaky harby baza Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna (KHŞG) girýän Russiýa, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýolbaşçylyk edýärler. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda harby kontingentiň we harby enjamlaryň ählisi diýen ýaly Russiýadan gelýär.

Russiýanyň Gyrgyzystanda ýa-da Täjigistanda harby güýçlerini artdyrmagy meýilleşdirýändigi barada anyk alamat ýok, häzirlikçe Russiýanyň Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda bar bolan bazalary ulanmaga synanyşýandygy barada hem söz aýdylmaýar.

Elbetde, Merkezi Aziýanyň Owganystandaky howplardan gorkmagyny Moskwa özüçe ulanyp biler, Kreml muny 25 ýyl bäri ulanyp gelýär, indi Russiýa sebitdäki täze özgerişlikden peýdalanyp, Merkezi Aziýa döwletlerini özüne ýakynlaşdyrmak hem olary Günbatardan, hatda Hytaýdan daşlaşdyrmak üçin, basyş etmekde peýdalanmagy mümkin.

Şeýle hem Russiýa Özbegistany Daşkentiň eýýäm iki gezek agza bolup, iki gezek hem terk eden KHŞG-a dolanmagyna ynandyryp biler (Özbegistan 1992-nji ýyldan 1999-njy ýyla çenli we 2006-njy ýyldan 2012-nji ýyla çenli ol gurama agza boldy) ýa-da Türkmenistany izolýasiýadan çykaryp, öz täsiri astyna almagy mümkin, sebäbi soňky ýyllarda bu ugurdaky iş doly güýjünde alnyp barylýar.

Şeýle-de bolsa, Moskwa soňky wagtlarda Owganystandan abanýan howp barada dürli habarlary ýaýradýar.

Häzirki wagtda rus resmileri “Talybanyň” howpuny peseldýärler. Şol bir wagtyň özünde, käbirleri “Talyban” hökümeti bilen işleşmegiň, Owganystandan düýbünden gaçyp giden, BMG tarapyndan goldanylan öňki hökümet bilen işleşmekden has aňsat boljakdygyny öňe sürdi. Bu aýdylýany soňky çärýek asyrda Merkezi Aziýanyň Moskwadan eşiden zatlaryndan has başgaça.

Rus resmileri indi Owganystandan abanýan howpuň ol ýerdäki yslamçy ekstremistlerden gelýändigini öňe sürýärler. Olaryň käbiri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlary bolansoň, Owganystana ýanaşyk ýerlere aralaşyp, durnuksyzlygy döredip biler.

Merkezi Aziýanyň hökümetleri bu aýdylýanlar bilen doly razylaşyp bilerler. Eger bu şeýle bolsa, Russiýanyň olara näçe ýardamy ýeter?

Eýsem şeýle toparlaryň serhetden geçip, köpçülikleýin bidüzgünçilik döretmäge gaýraty çatjakmy. Beýleki bir ýagdaý, rus harby güýçleriniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna kömek etmek mümkinçiligi az.

Terrorçylykly hüjümleri amala aşyrmak maksady bilen Merkezi Aziýa aralaşan ekstremistleriň ýa-da şahsyýetleriň kiçi toparlaryna garşy göreşmek kyn. Aslynda, islendik ýurda içerki howpy abandyrýan hut şolar hasaplanýar.

Ikitaraplaýyn ýa-da köptaraplaýyn goranyş şertnamalary daşary ýurtlara ýa-da daşarky howplara esaslanýar, şonuň üçinem hyzmatdaş bolýan döwlet içerki duşmanyň howpy bilen ýüzbe-ýüz bolanda, aýratyn bir ýurtdan kömek sorap bilmeýär. Mundan başga-da, şu wagta çenli Merkezi Aziýada hiç kim beýle zat etmedi.

HYTAÝ

Pekiniň ABŞ-nyň Owganystandan çekilmeginden peýdalanyp, Merkezi Aziýadaky täsirini giňeldip biljekdigi baradaky çaklamalar bar.

Ýöne Hytaýyň sebitdäki täsiri, esasan, ykdysady ugurlara häsiýetlidir. Elbetde, Merkezi Aziýa döwletlerinde howpsuzlyk meseleleri ýüze çyksa, esasanam şeýle howplaryň Hytaýa ýaýramagynyň öňi alynmaly bolsa, onda ol howpy ýeňip geçmäge kömek etjegi şübhesizdir.

Hytaý Merkezi Aziýa ýarag satýar we ikitaraplaýyn bilelikdäki harby türgenleşikleri hem okuw sapaklaryny geçirýär. Şeýlelikde, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baýdagy astynda Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, şeýle hem Russiýa, Pakistan we Hindistan durýar.

Şeýle hem Pekiniň Täjigistanyň uzak gündogaryndaky belentliklerinde Hytaý derwezesini goraýan kiçijik harby bazasy bar.

Käbir bilermenler sebit Owganystanda emele gelen elementler bilen durnuksyzlaşsa, Merkezi Aziýa kömek etmek üçin, Pekin goşun iberip biler diýip pikir edýärler.

Ýöne munuň bolmak ähtimallygy örän pes.

Esasan musulman köplükdäki ýurtda hökümete goldaw bermek üçin hytaý goşunlarynyň ýerleşdirilmegi howpsuzlyk aladalaryny hasam güýçlendirip biler, Merkezi Aziýa döwletinden çykan jihadçylary gahar-gazaba öjükdirmegi mümkin.

Pekiniň öz ýurdundaky musulmanlara – uýgurlara, gazaklara, gyrgyzlara hem musulman dinini kabul eden hueýlere garşy alyp barýan ýowuz kampaniýasy Hytaýyň abraýyny gaçyrdy, bu ýagdaý daşarky synçylaryň köpüsini gaharlandyrýar.

Mundan başga-da, Hytaý soňky 25 ýylda täsirli goşun döreden hem bolsa, kommunistleriň häkimiýeti astyndaky harbylaryň geçen taryhy ýoly daşary ýurtly bilermenlerde aýratyn ynam döretmeýär.

1950-nji ýyllaryň başynda, hytaý goşunlary Koreýada uly ýitgi çekdi, 1969-njy ýylda Sowet goşunlary bilen Ussuri derýasyndaky gysga söweşde, şeýle hem 1979-njy ýylda Wýetnama çozanlarynda, olar agyr ýeňlişe duçar boldular. Pekin 40 ýyldan gowrak wagt bäri başga bir ýurtdaky söweşlere gatnaşmak üçin, öz goşun bölümini ibermedi.

Muňa garamazdan, Pekin Merkezi Aziýada ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň dowamynda, köp mukdarda pul goýdy hem nebit, tebigy gaz, uran, demir we başga-da köp möçberdäki çig maly gazanyp bildi.

Sebitdäki hökümetler bolsa bu işlerden peýda görmäge gyzyklandylar, ençeme adam hytaý proýektlerinde iş orunlaryny tapdy.

Ýöne Hytaýyň Merkezi Aziýadaky ägirt uly taslamalarynyň – nebit we gaz turbageçirijileriniň, täze demir ýollaryň we awtoulag ýollarynyň, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň we beýleki infrastrukturanyň soňy görnüp barýar.

Hytaý Merkezi Aziýa maýa goýmagyny dowam etdirýär, şeýdip gymmatly çeşmeleri gazanýar. Emma Pekin mundan 10 we 20 ýyl ozalky mukdardaky ýaly, pul sarp edip bilmez. Merkezi Aziýanyň hökümetleriniň şol ýyllarda Hytaýdan alan karzlaryny yzyna gaýtaryp bermek möhleti ýetdi. Ýöne ýurtlaryň köpüsine töleg tölemek gaty kyn düşýär.

Merkezi Aziýada Hytaýa garşy garaýyşlar hem ösmegini dowam etdirýär, raýatlaryň öz hökümetleriniň Pekine satylandygy baradaky pikiriniň barha artýanlygy sebäpli, ol garaýyşlar has güýçlenip biler.

MERKEZI AZIÝA KÖMEK GEREKMI?

Merkezi Aziýa hökümetleriniň Owganystan baradaky howsalasy olary ýakyn aýlarda daşary ýurt hyzmatdaşlygy babatynda gyssagly karar bermäge mejbur edip biler.

Emma dogrusy aýdylanda, olaryň daşarky kömege asla mätäç bolmazlygy-da mümkin.

“Talyban” güýçleri ilkinji gezek serhetleriniň golaýynda peýda bolanynda, Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň bary-ýogy bäş ýyl garaşsyzlyk taryhy bardy, Täjigistanda bolsa şol wagtlaram raýat urşy möwjeýärdi.

Şol döwürde olaryň ýolbaşçylarynyň sebitdäki barha artýan durnuksyzlygy göz öňünde tutup, geljek barada alada etmäge ýeterlik esaslary bardy.

Indi bu ýurtlar 30 ýyl bäri garaşsyz döwletler, Täjigistandaky raýat urşy mundan 25 ýyl çemesi ozal tamamlandy, Merkezi Aziýa, umumylykda, durnukly sebit hökmünde garalýar, olaryň sebitara gatnaşyklary garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan has gowy.

Olaryň harby güýçleri has köp hem gowy ýaraglandylar.

Olaryň Owganystan bilen serhetleri has gowy goralýar.

Mundan daşary-da, 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda, söweşiji toparlaryň Owganystana ýaýran wagtyndakydan, indi “Talybany” has oňat tanaýarlar.

Olaryň iň gowy goragy özara agzybirligi bolmagy mümkin.

Awtoryň öňe sürýän pikirleri Azatlyk Radiosynyň garaýşyny aňlatman biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Общее дело: в новом сезоне волонтеры продолжат работу по сохранению объектов культурного наследия в Архангельской области



VIP

Мистический Тибет: путеводитель по местам силы от Кажетты Ахметжановой




Українські новини

Estischool - Школа за британською програмою



Новости 24 часа

Lipatov Sound заявил о выходе нового трека “Red City”



Game News

Sea War: Raid 1.131.0



Москва

Устаревшим лифтам продлят срок службы, несмотря на износ



News Every Day

Move over Harry Kane and Jude Bellingham the real England champ is a 15 yr old SUBBUTEO star



Блоги

Lipatov Sound заявил о выходе нового трека “Red City”



Москва

Россияне встретят начало лета на морских курортах



OG Buda

Настоящая дружба: как Федук и OG Buda выглядели до популярности



Москва

Собянин назвал социальные объекты, которые будут открыты в Новой Москв



WTA

Потапова проиграла на старте турнира WTA-500 в Страсбурге



Москва

«Лето. Москва. Шавасана» — в Москве пройдёт Международная Конференция Йога Журнала



Петербург

Санкт-Петербург не смог обойти Москву в рейтинге жизни населения



Симферополь

Книжная тематическая полка « Русский писатель марийской земли»



Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о компенсации части затрат на путевки в оздоровительные лагеря в рамках нацпроекта «Семья»



Москва

В московской мэрии не планируют запрещать самокатам ездить по тротуарам



Москва

Врач дерматолог-косметолог Мадина Байрамукова: в чем отличие химических фильтров от физических



103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)

Посмотрите на дату своего рождения: эта цифра там встречается у всех гениев

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о компенсации части затрат на путевки в оздоровительные лагеря в рамках нацпроекта «Семья»

Устаревшим лифтам продлят срок службы, несмотря на износ


Москва

Санкт-Петербург не смог обойти Москву в рейтинге жизни населения






Rss.plus

Lipatov Sound заявил о выходе нового трека “Red City”

В РМАТ ПРОШЕЛ I БИЗНЕС-ФОРУМ ВЫПУСКНИКОВ РМАТ 1999-2023 ГОДА ВЫПУСКА, ПОСВЯЩЕННЫЙ 55-ЛЕТНЕМУ ЮБИЛЕЮ АКАДЕМИИ

"Возрождение интереса к народному искусству и ремеслам в современном мире"

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)

Moscow.media
Москва

Собянин: в ТиНАО будет построено 10 детских садов и 11 поликлиник



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Анастасия Волочкова

Анастасия Волочкова рассказала в шоу Анфисы Чеховой на ТВ-3 о своём детстве




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Москва передала два спортобъекта в аренду частным операторам с начала 2024 года

Две бронзы выиграли забайкалки на международных соревнованиях по киокусинкай «Moscow Cup 2024»

Чья компания сильнее всех?


Людмила Самсонова

Самсонова победила Фернандес и вышла в третий круг турнира в Страсбурге



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Петербург попал в топ-3 регионов России по качеству жизни



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России