Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

COVID-19: Maryda ölenlere mazar ýetişmeýär. Häkimiýetler öýlerdäki näsaglara seredýän lukmanlary "awlaýar" 

COVID-19: Maryda ölenlere mazar ýetişmeýär. Häkimiýetler öýlerdäki näsaglara seredýän lukmanlary

Mary welaýatynda koronawirus bilen keselleýänler we ondan ölýänler ýokary derejede bolmagyna galýar. Welaýatyň käbir etraplarynda ilat ölenlere mazar gazyp ýetişmeýär. Hassahanalar näsaglardan dolýan mahaly, raýatlaryň öz öýlerinde saglygyna seretdirmäge mätäçligi artýar. Bu mätäçligiň arasynda, welaýatyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri - öýlere baryp, näsaglara saglyk bejergisini berýän - lukmanlary "awlaýarlar". Bu aralykda, welaýatyň polisiýa işgärleri özlerine maska düzgünini bozandygy barada her gün 30 adama jerime ýazmak hakda dilden görkezme berilendigini aýdýarlar. Bu ýagdaýlara garamazdan, türkmen häkimiýetleri heniz-de ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi derejede ykrar etmeýärler.

"Şu günler welaýatyň Baýramaly we Garagum etraplarynda ölüm köpeldi. Bu etraplarda her gün 10-15 adam ölýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly saglyk işgäri 27-nji sentýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Bu etraplarda ölen adamlaryň jesetleri indi gijelerine hem jaýlanyp başlandy. Habarçymyz munuň ölýän adamlaryň köpdügi bilen baglanyşyklydygyny belläp, "adamlar haçan mazar gazdyryp ýetişse, jesetleri şol pursat jaýlaýarlar" diýdi.

"Şu günler Baýramaly şäherinde gonamçylykda jaý gazýan adamlar tapdyrmaýar. Käbir ölen adamlar üç günden soň jaýlanýar. Käbir hojalyklarda jaý gazýanlara bermäge pullary ýokdugy sebäpli, olar gonamçylyklarda mazarlary özleri gazýarlar" diýip, sebitiň ýaşaýjysy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

 

Şu günler, habarçymyzyň maglumatyna görä, näsaglardan doly hassahanalarda diňe gurply ýa-da ýokary wezipelerde tanyş-bilişleri bolan syrkawlar üçin ýer tapylýar. Ençeme saglyk işgäriniň habarçymyza aýtmagyna görä, hassahanalaryň ýolbaşçylary lukmanlara maddy mümkinçiligi gowşak näsaglary kabul etmezligi tabşyrýarlar.

"Soňky günlerde lukmanlaryň arasynda "dik 100-lik" diýlen degişme ýa termin peýda boldy. Sebäbi häzir hassahanadaky lukmanlar näsaga birje ukol ursa, şol syrkawyň hossarlary olara 100 manat berýärler. Mundan öň lukmanlara "el aklyk" diýlip, 5-10 manat berilýärdi. Indi hassahana 100 manat berip biläýjek hojalyklary kabul edýärler" diýip, maryly saglyk işgäri aýtdy.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada welaýatyň ýokanç keseller hassahanalaryndan we Saglyk müdirliginden goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Hassahanalardaky bu ýagdaýlaryň arasynda, ýönekeý raýatlaryň öz öýlerinde saglygyna seretdirmäge mätäçligi artýar. Bu aralykda, welaýatyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri - öýlere baryp, näsaglara saglyk bejergisini berýän, sanjym edýän - lukmanlary yzarlaýarlar.

Bu yzarlamalara sezewar bolan lukmanlaryň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, kanun goraýjylar saglyk işgärlerine "näsaglara öýlerde bejergi bermegiň bikanundygyny" aýdyp, olara garşy jenaýat işini gozgamak bilen haýbat atýarlar we olary para bermäge mejbur edýärler.

"Prokuraturada lukmanlara "Öýde bejergi bermek üçin ýörite rugsatnamaň bolmaly. Rugsatnamasy ýok lukmanlara garşy jenaýat işi gozgalýar. Işiňi ýitirersiň, özüňem basylarsyň" diýip gorkuzýarlar. Öýde bejergi beremok diýseň, onda näsagyň öýüniň öňünde düşürilen suratyňy çykaryp görkezýärler. "Biz näme etmeli? Syrkawlary hassahana kabul edenok. Olar bize ýüz tutýarlar. Ol hojalyklaryň elinde 1 manat pullaram ýok. Biz adamlara ýokdan bar edip bejergi berjek bolýarys" diýsek, gözlerini bäş köpük ýaly edip, jübiňe seredýärler. Lukmanlary prokuratura gatnadýarlar" diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren maryly lukmanlaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ol ahyrsoňy lukmanlaryň para berip sypmaga mejbur bolýandygyny aýdyp, kanun goraýjylaryň olardan 8000-24000 manat aralygynda para alýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Bu aralykda, welaýatyň polisiýa işgärleri özlerine maska düzgünini bozandygy barada her gün 30 adama jerime ýazmak hakda dilden görkezme berilendigini aýdýarlar. 

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan polisiýa işgärleriniň sözlerine görä, "gündelik plan borçnamany" ýerine ýetirmediklere işden kowuljakdygy ýa-da ýangyn howpsuzlyk gullugyna işe geçiriljekdigi barada haýbat atylýar.

"Köp adamyň maska satyn almana mümkinçiligi bolmansoň, adamlar ýüzüne köne, hapa maska dakynyp çykýarlar. Biz şol adamlara "maskaň juda köne ýa-da ýüzüňe kiçi bolýar" diýlen bahanalar bilen, jerime ýazmaly bolýarys. Adamlara edilýän zulum meniň öz ýüregime düşdi, halkyň iýmäne çöregi gaýgy. Halka mugt maska bermekden geçen, gaýta olaryň özleriniň satyn alan maskalaryndan bahana tapyp jerime ýazdyrýarlar" diýip, bir polisiýa işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Käbir synçylar häkimiýetleriň kanun goraýjylaryň, şol sanda polisiýa işgärleriniň boýnuna dakýan bu "plan borçnamasyny - býujete pul ýygnamak tagallalary" diýip düşündirýärler.

Bu habarlaryň arasynda, maska düzgünini berjaý etmändigi sebäpli jerime salnan raýatlaryň kärende ýerlerinde mejbury işledilmegi bilen bagly ýagdaý hem dowam edýär.  

"50 manat möçberindäki jerimäni töläp bilmeýän hojalyklar sanardan kän. Olara pagta ýygdyrýarlar. Ýygara pagta bolmasa, ot ýygdyrýarlar" diýip, polisiýa işgäri belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginden, prokuraturasyndan, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan kommentariýa alyp bilmedi. Türkmen häkimiýetleri heniz-de ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi derejede ykrar etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

В филиале фонда «Защитники Отечества» в Архангельской области подвели итоги первого года работы



Жизнь

Фотопрогулка по советским городам. Классная серия!






Новости 24 часа

Весь мир чипировали умом Ленина?! Раскрыта загадка Мавзолея В.И. Ленина. Проект "Святой Ленин".



Game News

Лучшие Эхо в Wuthering Waves — соберите самую мощную сборку



Москва

Затяните пояса: с июля коммунальные услуги станут дороже



News Every Day

Brentford B and Tiverton Town Friendlies Announced



Интернет

Российские учёные зарегистрировали очередную сильнейшую вспышку на Солнце



Москва

«Вклад Черчесова в наш успех — очень большой»



Полина Гагарина

«Подали в суд»: Гагарина назвала себя жертвой конфликта из-за песни Цоя



Москва

Ход «Инаномо»: как чемпионы России впервые победили на Moscow Open



Андре Агасси

Не ходите, дети, в теннис: как Андре Агасси и Штеффи Граф подарили детям право выбора



Москва

Более 30 компаний из Нижегородской области пришли на первую встречу регионального сообщества инклюзивного бизнеса «Открыто для всех»



РПЛ

Стали известны все участники РПЛ сезона-2024/2025



Симферополь

Банки начали выдавать ипотеку на жилье в Крыму



Москва

Весь мир чипировали умом Ленина?! Раскрыта загадка Мавзолея В.И. Ленина. Проект "Святой Ленин".



Москва

Мэр Москвы: Около обновлённых поликлиник создано более 600 зон отдыха



Москва

НАШИ ВСТРЕЧИ ТУСОВКА Я ЮРИЯ В



103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Откупался как мог: Пушкин стыдился своего ребенка от крепостной

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» легально изготавливает армии и спецслужбы. 6 серия. СЕРЬЁЗНЫЙ НОВОСТНОЙ СЕРИАЛ.

Весь мир чипировали умом Ленина?! Раскрыта загадка Мавзолея В.И. Ленина. Проект "Святой Ленин".

Астроном Кошман: малый парад из четырех планет пройдет 3 июня


Москва

Более 30 компаний из Нижегородской области пришли на первую встречу регионального сообщества инклюзивного бизнеса «Открыто для всех»






Rss.plus

Весь мир чипировали умом Ленина?! Раскрыта загадка Мавзолея В.И. Ленина. Проект "Святой Ленин".

Дивный новый мир цифровизации: в Москве пройдет Форум «Время цифры»

До плюс 50 градусов: Каким городам России грозит аномальная жара летом 2024 года. Опубликован список

Eurasianet: Азербайджан публично и цинично уничтожает армянское культурное и историческое наследие в Нагорном Карабахе

Moscow.media
Москва

Собянин: В Москве создана самая маленькая схема метро в мире



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Фёдор Шаляпин

Петербургский театр имени Шаляпина покажет мюзикл «Вымыслы» по сказкам Пушкина




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

ФК «Зенит» представил стартовый состав на суперфинал Кубка России в Москве

Один из лидеров «Салавата Юлаева» подписал контракт с ЦСКА: теперь официально

Неделя легкой атлетики пройдет в Москве


Елена Рыбакина

Прямая трансляция матча Елены Рыбакиной против экс-первой ракетки мира на «Ролан Гаррос»



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Архангельск

В Архангельске медики России обменялись методиками оказания офтальмологической помощи



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России