Zelenski agdarylyşyk planynyň bilnendigini, Ukrainanyň Russiýa bilen islendik ýagdaýa taýýardygyny aýtdy
Zelenski 26-njy noýabrda Kiýewde geçirilen metbugat ýygnagynda eden gürrüňinde dildüwşük barada ne jikme-jik maglumat berdi, ne-de Kremliň garşysyna gönümel aýyplama bildirdi.
Kreml döwlet agdarylyşygynda haýsydyr bir rolunyň bolandygyny bada-bat inkär etdi. Zelenski, ukrain we daşary ýurt žurnalistleriniň gatnaşmagynda geçirilen metbugat ýygnagynda, Russiýanyň günbatar sebitlerinde we bikanun anneksiýa edilen Krymda goşun jemleýändigi baradaky habarlaryň arasynda, Ukrainanyň Russiýa bilen islendik gyzza-gyzzalyga taýýardygyny aýtdy.
Metbugat serişdeleri, şol sanda “The New York Times” we "Bloomberg" ABŞ resmilerine salgylanyp, Russiýanyň şu gyşda Ukraina hüjüm etmek ähtimallygyny duýdurýarlar.
Döwlet agdarylyşygy baradaky aýyplama barada aýdylanda, Zelenski 1-nji ýa-da 2-nji dekabrda bu plany amala aşyrmak barada şahsyýeti anyklanmadyk orsýetli we ukrainaly adamlaryň arasynda edilen maslahatyň “belli bir ses ýazgylarynyň” bardygyny aýtdy.
Zelenskiniň sözlerine görä, ol maslahatda bu söhbetdeşlige özi gatnaşmaýan ukrain milliarderi Rinat Ahmetowyň ady agzalypdyr.