Germaniýa, eger Moskwa Ukraina çozsa, munuň netijeleriniň agyr boljakdygyny Russiýa duýdurýar
Germaniýanyň ministrleri Ukrainanyň garşysyna harby agressiýa ýüze çykan halatynda Russiýanyň has berk sanksiýalara sezewar ediljekdigi barada ÝB-niň duýduryşlaryny tekrarladylar. Şeýle-de, olar munuň Berliniň “Demirgazyk akym 2” tebigy gaz geçirijisi boýunça Moskwa bilen hyzmatdaşlygy täzeden gözden geçirmegine sebäp bolup biljekdigini hem aýtdylar.
Täzelenen duýduryşlar, Kiýew we onuň günbatar tarapdarlary Russiýany, öňümizdäki aýda amala aşmagy ähtimal bir çozuşyň mümkin bolan başlangyjy hökmünde, Ukraina bilen serhediniň golaýynda takmynan 100 müň esger ýygnamakda aýyplaýan mahalyna gabat geldi.
Russiýanyň 2014-nji ýylyň mart aýynda Ukrainanyň Krym sebitini ele geçirmegi we bikanun anneksiýa etmegi, şeýle hem 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 13200-den gowrak adamyň ölmegine sebäp bolan konfliktde Moskwanyň gündogar Ukrainadaky separatistleri goldamagy bilen bagly, Ýewropa Bileleşigi Russiýa garşy sanksiýalaryň birnäçe tapgyryny güýje girizipdi.
Bileleşik Russiýany dartgynlygy gowşatmaga we konflikt boýunça täze diplomatiýa gatnaşmaga çagyryp, haýsydyr bir hüjüm amala aşan halatynda, Britaniýa we Birleşen Ştatlar bilen utgaşykly täze berk sanksiýalary güýje girizmek barada haýbat atdy.
Russiýa özüniň hüjüme başlamak meýilnamalarynyň bardygyny ret etdi we Ukrainanyň NATO-a agza bolmak ähtimallygy we bu ýaranlygyň özüniň günbatar serhediniň golaýynda alyp barýan işleri barada birnäçe talap çap etdi.
Germaniýanyň goranmak ministri Kristin Lambreht (Christine Lambrecht) 19-njy dekabrda Litwada ýerleşdirilen nemes esgerlerini baryp göreninde Russiýanyň NATO-a sebit howpsuzlygy meselesinde "buýruk” berip bilmejekdigini aýtdy.
Russiýanyň Ukraina garşy islendik agressiýasy üçin jogapkärler “şahsy netijeler” bilen ýüzbe-ýüz bolmaly diýip, Lambreht Germaniýanyň “Bild am Sonntag” hepdelik neşirine beren interwýusynda belledi.
“Biz diplomatik we ykdysady sanksiýa mümkinçilikleriniň hemmesinden doly peýdalanmaly bolýarys. Beýleki qdimleriň ählisi ýaranlarymyz bilen ylalaşylmaly” diýip, ol aýtdy.
Russiýanyň Krymy basyp almagynyň yzysüre, NATO gündogar kenar ýakasyndaky goragy güýçlendirdi, Baltika ýurtlarynyň üçüsinde we Polşada bilelikdäki söweş bölümlerini ýerleşdirdi.
Germaniýa Litwadaky köpmilletli NATO söweş bölümine ýolbaşçylyk edýär we onuň 1200 goşunynyň takmynan ýarysyny üpjün edýär.
Şeýle hem, 19-njy dekabrda Germaniýanyň ykdysadyýet ministri Robert Habek, eger Moskwa Ukraina hüjüm etse, onda Russiýadan Germaniýa çekilen “Demirgazyk akym 2” gazgeçirijisiniň geljeginiň “agyr netijelere” sezewar bolup biljekdigini duýdurdy.
Habek “Frankfurter Allgemeine Zeitung” gazetine beren interwýusynda Ukrainanyň “territorial bitewiliginiň bozulmagy bilen bagly täze ýagdaý” bolsa, hiç zada göz ýumulmaz diýdi.
Lambreht we Habek şu aý kansler Olaf Şolzyň ýolbaşçylygyndaky Germaniýanyň täze hökümetinde ministr wezipelerine girişdiler.
Russiýa “Demirgazyk akym 2” gazgeçirijisi arkaly Germaniýa akdyrýan tebigy gazyny iki esse artdyrmakçy bolýar, emma bu taslama Germaniýanyň gündogar ÝB ýaranlarynyň, şol sanda Polşanyň tankytlary we gijikmeler ençeme ýyl bäri kölege salýar.
Birleşen Ştatlar we Ukraina, kontinentiň rus gazyna garaşlylygyny ýokarlandyrmak we Ukrainany tranzit töleglerinden mahrum etmek bilen, Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyna howp saljakdygy sebäpli “Demirgazyk akym 2” gazgeçirijisine garşy çykýarlar.
Habek geosyýasy nukdaýnazardan “geçiriji ýalňyşlykdyr” diýdi. Ýöne ol eýýäm guruldy diýip, ol belledi.
Germaniýanyň täze hökümeti hem, eger Russiýa Ukraina hüjüm etse, gazgeçirijiniň petiklenjekdigi barada eýýäm haýbat atdy.
“Dartgynlylyk has möwjän halatynda, bu gaz geçiriji işe girizilmez” diýip, Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok aýtdy.
Gazgeçiriji nemes düzgünleşdirijileriniň tassyknamasyna garaşýar. Gazgeçirijini dolandyrýan Şweýsariýada ýerleşýän “Demirgazyk akym 2 AG” kompaniýasy sertifikatiýa, ýagny kepillendiriş prosesine gaýtadan başlamak üçin resminamalary tabşyrmaly. Gazgeçiriji soňra Ýewropa Komissiýasy tarapyndan hem tassyklanmaly.
Bahasy 11 milliard dollara barabar, jedelli gazgeçirijiniň gurluşygy sentýabr aýynda tamamlandy we Russiýa onuň gaz akdyryp başlamaga taýýardygyny aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.