Russiýanyň aýlyk COVID-19 ölüm sanlary ýene rekord goýdy
Russiýa noýabrda aýlyk iň ýokary COVID-19 ölüm sanlaryny hasaba aldy diýip, “Rosstat” döwlet statistika gullugy 30-njy dekabrda habar berdi.
Şu aýyň dowamynda 87,527 adam COVID-19 bilen aradan çykdy. Munuň bilen, has ozal, oktýabrda hasaba alnan rekord san täzelendi. Russiýada 2020-nji ýylyň aprelinden 2021-nji ýylyň oktýabry aralygynda 626,000 adam wirus bilen ilteşikli keselçilikden aradan çykdy.
Sanlaryň ýokarlanmagy sanjym işleriniň depgininiň gowşaýan wagtlaryna we koronawirus çäklendirmeleriniň doly berjaý edilmeýän wagtlaryna gabat gelýär.
Wirusyň delta görnüşi ýaýraýan mahaly, Russiýada soňky aýlarda bu kesel bilen heläk bolan adamlaryň hem-de ýokuşmalaryň sany rekord derejelere çykdy.
Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda ýagdaý gowulaşypdy, ýöne häkimiýetler indi omikron sebäpli täze ýokançlyk tolkunyna taýýarlyk görýär.
Koronawirus boýunça adatdan daşary döwlet toparynyň ýolbaşçysy we premýer-ministriň orunbasary Tatýana Golikowa Russiýada noýabr aýynda umumy ölüm derejesiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17 göterim ýokarlanandygyny hem-de bu ýagdaýa koronawirusyň sebäp bolandygyny aýtdy.
“Rosstatyň” habar berýän umumy ölüm sanlary Russiýanyň koronawirus boýunça döwlet toparynyň sanlaryndan iki esse ýokarydyr.