Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Farapda pensiýa we kömek pullaryny almak düzgünleri ýene kynlaşdyryldy

Farapda pensiýa we kömek pullaryny almak düzgünleri ýene kynlaşdyryldy

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda pensionerleriň we maýyplaryň onlarçasy ýanwar aýy üçin pensiýa we kömek pullaryny alyp bilmeýär. Muňa sebitde pensiýa we kömek pullaryny almak baradaky düzgünleriň ýene üýtgedilmegi sebäp boldy. Bu ýagdaý, ykdysady kynçylyklaryň arasynda, bir aý pensiýa we kömek pullaryny alyp bilmejek raýatlaryň güzeran eklenjini has-da kynlaşdyrýar.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, etrabyň pensiýa bölümi pensionerlerden we maýyplardan özleriniň diridigini indi her üç aýda bir gezek subut etmegi talap edip başlady.

Ýatlatsak, sebitde pensiýa almagyň düzgünleri ýaňy-ýakynda, awgust aýynda üýtgedilipdi. Şonda pensionerlere ýylda iki gezek, ýylyň başynda we ortasynda sosial üpjünçilik edaralary bilen habarlaşmalydygy we özleriniň diridigini tassyklamalydygy aýdyldy. Ondan öň bu talaby üç ýylyň dowamynda ýylda bir gezek berjaý etmelidi. Diňe bu talap tassyklanandan soň, pensioner alty aýyň dowamynda pensiýa almak hukugyna eýe bolýardy.

"Käbir raýatlaryň diridikleri hakyndaky alty aýlyk tassyknamalary fewralda ýa martda, ýa-da aprelde gutarýar. Şol sebäpli olar alty aýyň soňlaryna kepilnama almagy planlaşdyrýardylar. Ýöne olar 3-5-nji ýanwar aralygynda pensiýa we kömek pullaryny alamaga baranda, düzgünleriň üýtgändigini bilip galdylar" diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşme 5-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, şondan soňra etrabyň pensiýa bölüminiň resmileri bu raýatlara özleriniň diridikleri hakyndaky kepilnamany mundan beýläk her üç aýda bir gezek tabşyrmalydyklaryny aýtdylar.

"Bize bu barada öňünden duýduryş edilmändigini aýtsak-da, olar bize ýanwaryň başynda berilmeli pensiýa we kömek pullarymyzyň kepilnamany tabşyranymyzdan soň, fewralyň başynda beriljekdigini aýtdylar" diýip, 70 ýaşyna golaýlan, efirde adynyň Yslam aga diýlip tutulmagyny soran faraply pensioner habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan pensionerleriň we maýyplaryň ençemesi bu ýagdaýyň özleriniň ýaşaýyş durmuşyna ýaramaz täsir ýetirjekdigini we gündelik zerurlyklar, şol sanda dermanlar üçin maliýe serişdesine mätäç boljakdyklaryny aýtdy.

"Maşgalamyzda gelnim we oglum işlemeýär. Ýaşlar iş tapmaýandygy sebäpli, hemmämiz, şol sanda agtyklarym meniň pensiýam bilen eklenç edýäris. Pensiýa bolmasa güzeran eklenjimiz has-da kynlaşar. Her kimiň goşmaça gazanç etmek mümkinçiligi ýok. Daşary döwlete çykmak alajy hem ýok" diýip, 70 ýaşly Yslam aga aýtdy.

Pensionerleriň özleriniň diridigini hasaba aldyrmagy tutuş ýurt boýunça talap edilýär. Munuň üçin olar resminamalaryň ençemesini ýygnap, sosial üpjünçilik edaralarynyň etrap bölümlerine tabşyrmaly bolýarlar.

Habarçymyz täze düzgünlere laýyklykda, indi maýyp raýatlardan maşgala emlägi baradaky deklarasiýany görkezmegiň hem talap edilýändigini aýtdy. Olar her üç aýda bir gezek hassahana baryp, saglyk barlagyndan hem geçmeli bolýarlar.

Habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan resmileriň sözlerine görä, bu çäreleriň esasy maksady pensionerleriň ýogalan ýagdaýynda olaryň plastik kartlaryna geçirilýän puldan olaryň ýakynlarynyň peýdalanmazlygynyň öňüni almakdan ybarat. Ýöne pensionerleriň we maýyplaryň ençemesi bu talaplaryň raýatlaryň gününi has-da kynlaşdyrmakdan başga zat däldigini aýdýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 8-nji oktýabrda gol çeken permanyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ýurtda pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 410 manat, döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 390 manat möçberde bellemeli edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Двоим железнодорожникам Архангельской области объявлена благодарность Президента России



VIP

Театр и дети, Культура и Россия: интервью артиста госцирка Бурятии Саяна Дондокова






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

"Спартак" обыграл "Краснодар" и продлил беспроигрышную серию до 7 матчей при Слишковиче

Сергей Собянин. Главное за день

Росія розпрощалася із мільярдами рупій, що зависли в Індії, за нафту

Откровение артиста госцирка Бурятии Саяна Дондокова - Театр и дети, Культура и Россия, интервью


Москва

Теплоходные прогулки по Амуру стартовали в Благовещенске






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Бато Багдаев

Театр и дети, Культура и Россия: интервью артиста госцирка Бурятии Саяна Дондокова




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Гол Зобнина принес "Спартаку" победу над "Краснодаром" в чемпионате России

"Спартак" и "Краснодар" объявили стартовые составы на матч чемпионата России

"Спартак" обыграл "Краснодар" и продлил беспроигрышную серию до 7 матчей при Слишковиче


Уимблдон

Финалистка юниорского Уимблдона-2023 получила временное отстранение за допинг



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Мэр: Услугами и сервисами mos.ru горожане воспользовались 4 млрд. раз



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России