Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

1922 ý. – Russiýanyň we goňşy ýurtlaryň 'maňlaýyny garaldan' ýyl

1922 ý. – Russiýanyň we goňşy ýurtlaryň 'maňlaýyny garaldan' ýyl

Russiýa 1922-nji ýyla esasan harby ýagdaýlar düzgüni şertlerinde gowşan hökümet dolandyryşy, ýurtda heniz hem dowam edýän raýat urşy, Wolga sebitine ýaýraýan açlyk bilen gadam basdy, ýurduň käbir künjekleri heniz hem daşary ýurt interwensiýa güýçleriniň golastynda galýardy, ýurt halkara derejesinde üzňeleşipdi.

Ýöne bolşewikler ýylyň ahyryna çenli Oktýabr rewolýusiýasy diýlip bilinýän döwlet agdarylyşygynyň bäşinji ýyl dönümini belledi, ak monarhiýaçylar atlandyrylýanlara we kapitalist güýçlere garşy dowam edýän raýat urşuny soňlandyrdy, daşary ýurt güýçlerini tas doly diýen ýaly yza serpikdirdi, hem-de özüniň ilkinji halkara parahatçylyk ylalaşygyny Germaniýa bilen baglaşdy.

1922-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Russiýa, Ukraina, Belarus we Transkawkaz Respublikasynyň sowet hökümetleriniň wekilleri Moskwada täze döwletiň, aradan iki nesil soňra global güýje öwrüljek Sowet Sosialistik Respublikalar Soýuzynyň döredilýändigini yglan etdiler.

Ýöne aradan bir asyr soň açyk-aýdyň görnüşi ýaly, 1922-nji ýyl rus halky üçin hem-de goňşy ýurtlaryň halklary üçin ykbal kesgitleýji ýyl boldy. Ýurt 1922-nji ýylda öz geçmişi bilen arany aýgytly açdy. Syýasat, daşary gatnaşyklar we medeniýet babatda ýagdaýlar özgerdi, onlarça ýyl dowam etjek totalitar zulmuň düýbi tutuldy.

Sowet Soýuzynyň dargamagyny “geopolotiki betbagtçylyk” atlandyran rus prezidenti Wladimir Putiniň we beýlekileriň, ahmal, ýatlamazlygy saýlap aljak wakalarynyň ýüzýyllygy şu ýyl bellenip geçiler.

“Sosiopatyň” wezipä gelişi

“Şu ýyl biz öz tagallalarymyzy sosialist gurluşyň hakyky, anyk we esasy wezipelerine bagş etmek mümkiçiligine eýe bolduk” diýip, rewolýusiýaçy lider we sowetleriň esaslandyryjysy Wladimir Lenin 1922-nji ýylyň 2-nji aprelinde Bolşewik partiýasynyň Moswada geçirilen 11-nji maslahatynda eden çykyşynda aýtdy. Leniniň bu çykyşy onuň ykdysady maksatnamalaryna gönükdirildi.

“Biz geçen bir ýylyň dowamynda özümiziň ykdysadyýeti dolandyryp bilmeýändigimizi aýdyň görkezdik” diýip, Lenin boýun aldy. “Biz öňümizdäki ýyl munuň beýle däldigini ýa subut ederis, ýa-da sowetler öz häkimiýetini dowam etdirip bilmez” diýip, ol aýtdy.

Ýöne yza ser salynsa, maslahatda kabul edilen iň çynlakaý karar din ruhanylaryny taýýarlaýan mekdebiň öňki okuwçysy, soňra rewolýusiýaçy bolan 43 ýaşly Iosif Staliniň partiýanyň baş sekretary wezipesine bellenmegi boldy.

“Bu rus rewolýusiýasynyň, aslynda tutuş 20-nji asyryň, iň ykbal kesgitleýji pursatlarynyň biri boldy” diýip, medeni taryhy öwreniji Kewin Jekson (Kevin Jackson) özüniň 2012-nji ýylda çap eden 'Zehinler toplumy: 1922 – Modernizmiň birinji ýyly' (Constellation Of Genius: 1922 Modernism Year One) atly kitabynda ýazýar.

Staliniň bellenen täze wezipesi onuň öňdäki ýyllarda ele geçirjek absolýut häkimiýetinden uzakda bolsa-da, bu wezipe oňa ýurda agalyk edýän nomenklatura gözegçilik etmäge mümkinçilik berdi.

Lenin soňra Stalini baş sekretar wezipesine bellemek barada kabul eden kararyna puşman etdi, ýöne ol şondan iki ýyldan hem az wagtyň içinde aradan çykdy.

1921-nji ýylda onsuz hem saglyk ýagdaýy ýaramazlaşan Lenin ilkinji gezek 1922-nji ýylyň maýynda, ikinji gezek şol ýylyň dekabrynda insult geçirdi. Şonda Stalin Leniniň saglyk idegini we Lenin bilen görüşmäge hukugy bolan adamlaryň gözegçiligini öz eline aldy. Lenin 1922-nji ýylyň ahyrlarynda we täze ýylyň başlarynda galdyran wesýetinde öz ýoldaşlaryna “Stalini wezipeden aýyrmagyň ugruny tapmagy” ündew etdi

Leniniň Stalini wezipeden aýyrmak barada eden çagyryşy onuň öz galdyran iň soňky wesýetinde eden ýeke-täk anyk teklibi boldy.

“Bu ýagdaýyň ähmiýetsiz detal ýaly bolup görünmegi mümkin...ýöne bu detalyň aýgytly ähmiýeti bar” diýip, ol öz galdyran wesýetinde aýtdy.

“Stalin sosiopatdy” diýip, Prinston uniwersitetiniň professory we Staliniň terjimehalyny ýazan Stefen Kotkin (Stephen Kotkin) 2017-nji ýylda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

“Has guramaçylykly” terror

Bütinrussiýa Adatdan daşary ýagdaýlar komissiýasy (ÇK) 1922-nji ýylyň 2-nji fewralynda Içeri işler halk komissarlygynyň (NKWD) Döwlet syýasy uprawleniýesi (GPU) boldy.

Rehimsiz Feliks Dzeržinskiýniň ýolbaşçylygynda ÇK-nyň gizlin polisiýasy Leniniň 1918-nji ýylyň sentýabrynda kabul edilen “Gyzyl terror” syýasatyny durmuşa geçirip başlady.

“Biz bir adama garşy göreşemzok” diýip, bolşewik rewolýusiýaçysy we ÇK ofiseri Martin Latsis 1918-nji ýylyň noýabrynda Gyzyl terror žurnalynda ýazdy. “Biz tutuş buržuaz gatlagy ýok edýäris... Bu Gyzyl terroryň özenidir” diýip, ol aýtdy.

Göräýmäge, ÇK-ny Döwlet syýasy edarasyna öwürmeklik durnukly döwlet institutlaryny döretmek we pudaklara syýasy gözegçiligi üpjün etmek tagallalarynyň bir bölegi bolmalydy. Ýöne, muňa garamazdan, pajarlaýan býurokratiýa baraky şikaýatlar şeýle bir giň ýaýrapdy welin, bu ýagdaý, Wladimir Maýakowskiýniň 1922-nji ýylda ýazan “Oturanlar” (Прозаседавшихся) goşgusyndan başlap, sowet satira žanryny tutuşlygyna gurşap aldy.

ÇK-nyň täzeden guramalaşdyrylmagy Gyzyl terroryň jylawyny çekmelidi. Ýöne, tersine, bu iň gözçykgynç tejribeleri, şol sanda syýasy garşydaşlaryň matlaply yzarlanmagyny kada öwürdi.

“ÇK Döwlet syýasy uprawleniýesi (GPU) boldy. Munuň bilen bu edara belli bir derejede syýasy gözegçilik astyna alyndy. Bu, terroryň gowşamalydygyny aňladýardy” diýip, sankt-peterburgly taryhçy Boris Kolonskiý 2021-nji ýylda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda aýtdy. “Ýöne, munuň tersine, terror has-da guramalaşdy” diýip, ol belledi.

“Olar 1922-nji ýylda Sosial rewolýusionerleriň diňlenişigini geçirdi” diýip, Kolonskiý bolşewikleriň aman galan iň esasy syýasy garşydaş toparyny göz öňünde tutup, gürrüň berdi. “Bolşewik partiýasynyň öz içinde erkin diskusiýanyň hem-de bölünişikleriň çäklendirilmegi nurbatlary towlan iň berk çäreleriň biri boldy” diýip, ol belledi.

Raýat urşy döwründe ak gwardiýaçylaryň döreden howpy egsilensoň, täze düzüm içerik ünsi gönükdirip başlady. Bu reforma kazyýet karary bolmazdan ÇK-nyň adamlary jezalandyrmak ygtyýarlyklarynyň wagtlaýyn ýatyrylýandygyny aňladýardy, ýöne Döwlet syýasy uprawleniýesi (GPU) syýasy we ykdysady “duşmanlary” Sibire we Uzak demirgazyga sürgüne ibermek tejribesini tiz wagtda giňeldip başlady.

Gulag ulgamyna öwrülen ilkinji lager 1923-njy ýylda Solowetskiý adalarynda açyldy.

Şondan bir ýyl soň, Döwlet syýasy edarasynyň agentlerine “belli-belli şertlerde” adamlary jezalandyrmak ygtyýarlygy gaýdyp berildi.

“Jomart ýardam... Elhenç betbagtçylyk”

Russiýada we dünýäde 1922-nji ýylda bolan iň elhenç waka, gürrüňsiz, tutuş Wolga sebitinde dowam edýän açlyk boldy. Orta asyrdan bäri Ýewropada bolan iň aýylganç harby däl tragediýa hasaplanýan açlykda azyndan 5 million adamyň ölendigi çak edilýär.

“1921-1922-nji ýyllarda kän adam, gaty köp adam aýylganç açlygyň pidasy boldy” diýip, rus taryhçysy Wiktor Kondraşin sentýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy. “Bu, hem açlykdan ölen adamlaryň sany babatynda, hem-de açlykdan ejir çeken sebitlerdäki adamlaryň sany boýunça 17-nji asyryň başlaryndaky Bela-beter döwrüniň açlygyny ýatlatdy” diýip, ol aýtdy.

Açlyga bir topar harasatly hadysalar, şol onsuz hem Raýat urşundan we I Jahan urşundan ejir çeken ýurda aralaşan gurakçylyk sebäp boldy. Üstesine, ak gwardiýaçylar tarapyndan Ukrainada we Sibirde azyk önümlerini öndürýän sebitlere girmekden mahrum edilen bolşewikler adamkärçiliksiz çemeleşmeler bilen sebitlerde adamlardan galla talap edip başlady.

“Aýylganç faktlar hasaba alyndy” diýip, Kondraşin aýdýar. “Kannibalizm, köpçülikleýin mazarlar, hem-de açlyk sebäpli tutuş maşgalalaryň öz janlaryna kast etmegi ýaly hadysalar” diýip, ol aýdýar.

1918-nji ýylda Lenin azyk önümlerini talap etmek üçin Stalini günorta Tsarytsin şäherine iberdi. Bu şäher soňra Stalingrad, häzir Wolgograd atlandyryldy. Lenin Staline rehimsiz bolmagy buýruk berdi.

“Arkaýyn bol, elimiz sandyramaz” diýip, Stalin jogap berdi. “Biz hiç kime rehim etmeris” diýip, ol aýtdy.

1921-nji ýylyň iýulynda ýazyjy Maksim Gorkiý açlyk zerarly ýardama mätäç “ähli akýürek adamlaryň” adyndan ýüzlenme ýazdy. Bu ýüzlenme Birleşen Ştatlaryň söwda sekretary Herbert Huwere gowşuryldy. Huwer, sowet hökümeti resmi taýdan kömek haýyş etse, hem-de ýardamlaryň ABŞ-nyň bolşewik hökümetini ykrar etmegi hökmünde kabul edilmezligi şerti bilen, Russiýada özüniň “Amerikan ýardam maksatnamasyny” döretmäge taýýardygyny aýdyp, jogap hatyny ýazdy.

Bu teklip Birleşen Ştatlarda ýiti jedel döretdi, köpsanly sagçy Russiýadaky açlygyň Bolşewizmiň soňuny getirip biljekdigini öňe sürdi. Ýöne Huwer “biz rus halky bilen häkimiýeti ele geçiren topary biri-birinden tapawutlandyrmaly” diýdi.

2019-njy ýylda Duglas Smit tarapyndan ýazylan “Rus işi: Amerikanyň Russiýany harabaçylykdan halas edişiniň unudylan hekaýasy” atly monografa görä, Sowet hökümetinde köpler, hususan-da arabozar Leon Trotskiý, bu ýardamyň yz ýany Russiýada amerikan biznesiniň we banklarynyň açylyp başlamagyndan howatyr edip, bu plana garşy çykdy.

Ýöne, şonda-da, sowetler Huweriň şertlerini dessine kabul etdi. 1921-nji ýylyň awgustynda ylalaşyk baglaşyldy we ABŞ-nyň Kongressi bu maksatnama üçin 20 million dollar möçberinde maliýe serişdesini bölüp berdi. Rus hökümetiniň 18 million dollar möçberindäki goşandyny hem-de özbaşdak haýyr-sahawatçylary hasaba goşanyňda, Huwer ýardam tagallalary üçin 78 million dollar töweregi pul serişdesini toplady.

1922-nji ýylda Amerikan kömek gullugy azyndan 768 million tonnalyk azyk önümlerini getirip, her günde 10 million adamyň garnyny doýurýardy. Şeýle-de, bu maksatnamanyň çäginde açlykdan ejir çeken sebitlerde 125 müň russiýaly iş bilen üpjün edildi. Bu maksatnamanyň üsti bilen 16 müň keselhana ýardam iberildi, her günde ýarym milliondan gowrak adam saglyk bejergisini kabul edýärdi. Bu taslama arassaçylyk şertlerini gowulandyrdy, sebitde holera we beýleki keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni aldy. Şeýle-de, bu ýardamlaryň çäginde 1922-nji we 1923-nji ýyllarda müňlerçe tonnalyk galla tohumlary Russiýa getirildi, tohum ýardamlary soňy bilen sowet hökümetiniň eksport girdejilerine goşant goşdy.

“Rus halky we hökümeti elhenç betbagtçylyk döwründe özlerine edilen jomart ýardamlary asla unutmaz” diýip, açlykdan halas ediş gullugynyň başlygynyň orunbasary, bolşewik lider Lew Kamenew “Amerikan ýardam gullugynyň” wekili William Haskelle ýazan hatynda belleýär.

1923-nji ýylyň fewralynda Amerikan ýardam maksatnamasy heniz hem 8 million orsýetliniň açlykdan ejir çekýändigini we ýardama mätäçdigini çaklady, sowet hökümeti bolsa galla eskportyny dowam etdirmek meýilnamalaryny yglan etdi.

Mart aýynda sowet hökümeti kilise emläginiň döwlet haýryna geçirilmegine garşy parahatçylyk protestlerini geçiren onlarça prawoslaw din ruhanysyny we bir katolik dinçini, Konstantin Budkewiçi jogapkärçilige çekensoň, Günbataryň “Amerikan ýardam gullugy – Russiýa” maksatnamsyna bildirýän goldawy gowşady. Günä bildirilýänleriň Budkewiçden galany uzak möhetli türme tussaglygyna höküm edildi. Budkewiç bolsa katolikleriň pasha baýramçylygynda atylyp öldürildi we köpçülik mazarlygynda jaýlandy.

Amerikan ýardam maksatnamasy öz işini tamamlamak kararyna geldi.

“Jenap Hoover 'rus işi' ýaly bir işiň tamamlandygyna özüniň örän şat bolandygyny aýtdy” diýip, Döwlet departamentiniň bir resmisi habar berdi. “Ol bolşewikleri düýbünden ýigrenýärdi we olaryň ýolbaşçylygynda bir hökümetiň işläp biljekdigine ynanmady” diýip, resmi aýtdy.

Staliniň golastynda 1930-njy ýyllarda we şondan soň “Amerikan ýardam maksatnamasynyň taryhy tanap bolmajak derejede ýoýuldy ýa-da pozuldy” diýip, Smit öz kitabynda ýazýar. Taslama gatnaşan rus resmileri ýa-da ýönekeý orsýetliler 1950-nji ýyllara çenli yzarlandy we arasslandy. Beýik Sowet ensiklopediýasynyň 1950-nji ýyldaky neşiri “Amerikan ýardam maksatnamasy Sowet Russiýasynda içalyçylyk we ýykgynçylyk hereketleri üçin hem-de kontrrewolýusioner elementleri goldamak üçin bölüm döretmegi maksat edinýärdi” diýýär.

1962-nji ýylda mekdep okuwçylary üçin çap edilen bir ders kitabynda “Amerikan ýardam maksatnamasy gizlinlikde gozgalaňçy güýçleri guramalaşdyrmagy maksat edinýärdi. Bu dildwüşik Döwlet syýasy edarasy tarapyndan puja çykaryldy” diýilýär.

Amerikan ýardam maksatnamasynyň tagallalary, Smite görä, Sowet Sozýuzynyň dargamagyndan soňra Ýewropanyň hem-de Birleşen Ştatlaryň öňki sowet ýurtlaryna iberen ýardamlaryna meňzeýär.

“1992-2007-nji ýyllar aralygynda ABŞ hökümeti öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlary 28 milliard dollara barabar ýardam bilen üpjün etdi” diýip, Smit ýazýar. “Diňe 1999-njy ýylyň öznde, Russiýa ABŞ-dan bahasy tas 2 milliard dollara barabar 5 million tonna iýmit önümlerini haýyş etdi... 1999-2000-nji ýyllarda ABŞ-nyň we Ýewropanyň Russiýa iberen azyk ýardamlarynyň möçberi tutuş Afrika materigine iberilen ýardamlardan geçdi” diýip, ol belleýär.

(Dowamy bar)

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

В Сети появилось видео пожара на теплоходе в Архангельске



Жизнь

Армяне в Великой Отечественной войне: Иван Георгиевич Магакьян






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

УФАС Подмосковья выявило сговор в сфере дорожно-строительного комплекса

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» правит миром, расшифровал «ДНК В.И.Ленина», отменяет налоги. И… отключает институты времени. Разгадка «научных теорий заговоров».


Москва

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» правит миром, расшифровал «ДНК В.И.Ленина», отменяет налоги. И… отключает институты времени. Разгадка «научных теорий заговоров».






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Собянин сообщил о планах создания отечественной платформы электромобиля



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Бато Багдаев

Театр кукол «Ульгэр» выступил в райцентре Бурятии в День Пушкина - Россия, Культура, Дети




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Турнир по бильярдному спорту «Кубок Мэра Москвы» продлится до 18 мая в столице

«БЛИЦ», «БИТВА СТРАТЕГИЙ», «ДУАТЛОН» инсайд новых дисциплин в спортивном программировании

Собянин рассказал о ходе строительства Троицкой линии метро


Новак Джокович

Новак Джокович с позором вылетел с турнира в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России