Blinken Lawrow bilen gepleşikleriň öňýany Berline sapar edýär
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken ýewropaly ýaranlar bilen gepleşikleriň nobatdaky tapgyryny geçirmek üçin Berline geldi. Bu Waşingtonyň Russiýanyň Ukraina bilen serhedinde harbylarynyň sanyny artdyrmagy sebäpli dörän dartgylylyklary gowşatmak ugrundaky tagallalaryna gabat gelýär. Köpler Russiýanyň Ukraina hüjüme geçmäge taýýarlyk görýän bolmagynyň mümkindigini howatyrlanma bilen belleýärler.
20-nji ýanwarda Blinken özüniň germaniýaly, fransiýaly we britaniýaly kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirer. Mundan soň, ol Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşmak üçin Ženewa ugrar.
Russiýanyň Ukraina bilen serhedinde 127 müň töweregi harbylaryny ýerleşdirilendigi çak edilýär. Moskwa Minsk bilen bilelikdäki harby türgenleşikleri geçirjek diýip, Belarusda hem özüniň esli goşununy jemledi. Bu Günbataryň paýtagtlarynda nobatdaky uly konfliktiň ýüze çykyp biljekdigi baradaky howatyrlanmalaryny artdyrdy.
Mundan bir gün öň, Blinken Kiýewde saparda bolup, Waşingtonyň Ukraina goldawyny äşgär etdi. Ol eger-de Russiýa Ukraina garşy agressiw herekete geçse, onda Birleşen Ştatlaryň Kiýewiň özüni gorap bilmegi üçin goşmaça serişdeler bilen üpjün etmäge taýýardygyny hem mälim etdi.
19-njy ýanwarda giçlik ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden çykyş edip, özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putiniň hüjüme geçip-geçmezlik barada entek doly karara gelene meňzemeýändigini aýtdy. Ol eger-de harby hüjüm bolan halatynda, Russiýanyň ýiti ykdysady netijeler bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny hem duýdurdy.
“[Rus prezidenti Wladimir Putin] dünýäde Günbatar bilen Hytaýyň arasynda öz ornuny tapmaga synanyşýar. Meniň bu babatda doly ynamym ýok. Meniň onuň indiki hereketleri barada düşünjesiniň bardygyna şübhelerim bar. Men onuň Ukraina girjekdigini çaklaýaryn. Ol bir zatlar etmeli” diýip, Baýden metbugat ýygnagynyň dowamynda çykyş etdi.
Baýden Ukraina hüjümiň “Russiýa üçin heläkçilikli boljakdygyny”, munuň Moskwa üçin adam, ykdysady we syýasy ýitgileri aňlatjakdygyny hem belledi.
Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiýiň maslahatçysy Myhaýlo Podolýak Kiýewiň Baýdeniň çykyşyny gowy garşylandygyny mälim etdi. Ol ukrain halky üçin Russiýanyň özüne hüjüm eden halatynda, muňa Günbatar tarapyndan utgaşykly jogabyň boljakdygyny eşitmegiň möhüm bolandygyny belledi.
Hüjüm etmek meýliniň ýokdugyny öňe sürýän Kreml, ABŞ-nyň pajygaly netijeler baradaky duýduryşynyň ýagdaýy mundan beýläk-de durnuksyzlaşdyryp biljekdigini aýtdy.
Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp aldy, şeýle-de Ukrainanyň gündogarynda Kiýew hökümetine garşy söweşýän separatistleri goldap başlady. Sekiz ýyl bäri dowam edýän konflikde 13 müňden hem aşa adam öldi.