BMG hasabaty: Belarusyň Ryanair uçaryny gondurmak üçin bahana eden bomba howpy ‘bilkastlaýyn ýalandy’
Belarusyň geçen ýyl Ryanair uçarynyň diwersiýasy üçin bahana hökmünde ulanan bomba howpy “bilkastlaýyn ýalandy” diýip, BMG-niň raýat awiýasiýasy boýunça agentliginiň bu hadysa barada taýýarlan hasabatynda bellenilýär.
23-nji maýda Belarus Afinylardan Wilnusa uçuşy amala aşyran uçaryň ýanyna harby uçaryny ýollap Minske gonmaga mejbur edenden soň, uçaryň bortundaky dissident žurnalist Raman Pratasewiç we onuň russiýaly hallaşýan gyzy saklanypdy.
Belarus resmileri munuň üçin soňy bilen ýalan bolup çykan bomba howpuny bahana edipdiler.
Dünýäniň döwletleri belarusly diýdimzor Aleksandr Lukaşenkanyň raýat uçarynyň “döwlet gaçakçylygyny” ýazgardylar.
BMG-niň Raýat Awiasiýasy boýunça Halkara Guramasy bu ýagdaýlary seljermek üçin topar düzdi. Onuň netijeleri 17-nji ýanwarda çap boldy we gurama agza ähli 193 döwlet bilen paýlaşyldy.