Demirgazyk Koreýa soňky ýyllarda eden iň güýçli raketa synagyny tassyklady
Demirgazyk Koreýa ABŞ-nyň Guam sebitine ýetip biljek ballistik raketany synagdan geçirendigini tassyk etdi. Bu stalinçi döwletiň soňky ýyllarda amala aşyran iň düýpli ýarag synagy boldy.
Phenýan ýylyň başyndan bäri rekord derejede, ýedi sany ýarag synagyny geçirdi. Mundan öň bu ýurt beýle gysga wagtda munça kän ýarag synagyny geçirmändi we ýagdaý onuň uzak aralyga ýetýän we ýadro ýaraglaryny synag etmäge garşy öz-özüne girizen çäklendirmesinden çykmak wehimini döretdi.
Demirgazyk Koreýanyň resmi habar gullugy 31-nji ýanwarda “Hwasong-12” synagynyň raketa we onuň takyklygyna baha bermek niýeti bilen taýýarlanandygyny aýtdy.
Bu boýun alyş ABŞ resmisi Waşington Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglaryny we kontinentara ballistik raketalary synag etmegini dikeltmäge taýýarlyk görýändigi barada alada edýär diýeninden soň edildi.
ABŞ resmisi 30-njy ýanwarda geçirilen metbugat ýygnagynda Waşingtonyň Phenýany hiç hili şertsiz, göni gepleşiklere gatnaşmaga çagyrýandygyny aýtdy.