Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Stambuldan gelen türkmen raýatlary izolýasiýadan goýberildi

Stambuldan gelen türkmen raýatlary izolýasiýadan goýberildi

Türkmenabadyň karantin zonasynda bolan Türkmenistanyň raýatlaryna öýlerine gitmäge rugsat berildi. Azatlygyň çeşmelerine görä, 15-nji ýanwarda Türkiýeden gelen raýatlar 4-nji fewralda karantini terk edip bilipdir.

Türkmenabatdaky karantin zolagynda, 15-nji ýanwarda Stambuldan uçarly baran ýolagçylardan diňe koronawirusyň bardygy anyklanan birnäçe adam galypdyr. Galanlary 4-nji fewralda Türkmenabadyň howa menziline äkidilip, öýlerine ugradylypdyr. Bu barada 7-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň habarçylary, şeýle hem karantin zonasyndan goýberilen aşgabatlylar gürrüň berdiler.

Çeşmelere görä, karantin zonasynda galanlaryň izolýasiýasy, koronawirusyň anyklanandygy sebäpli uzaldylypdyr. Resmi taýdan Türkmenistana baranlaryň izolýasiýa möhleti 21 günden ybarat.

"4-nji fewralda bizi Türkmenabatdaky howa menziline äkitdiler, goş-golamymyzy paýlap berdiler we öz hasabymyza ýaşaýan ýerlerimize iberdiler. Stambuldan meniň bilen gelen dostumy tapyp bilmedim. Onuň koronawirus tapylyp, karantine iberilendigi belli boldy "- diýip, çeşme aýdýar.

“Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasynyň uçary Stambuldan 15-nji ýanwarda gije Türkmenabadyň aeroportuna bardy. Boeing 777 uçarynda 250 töweregi raýat bardy.

Azatlygyň Türkmenabadyň halkara howa menzilindäki çeşmeleri, şol wagt gelenleriň has ýokary howpsuzlyk çäreleri görlüp, garşy alnandygyny habar berdi. Çäreleriň güýçlenmegi “Omikron” ştammynyň ýaýramagy bilen baglanyşyklydy.

Ýakynda karantin zonasyndan goýberilen bu uçaryň ýolagçylarynyň sözlerine görä, Stambuldan gelenleriň hemmesi synagdan geçirilipdir. Ilkinji günlerde COVID-19 keseli tapylan ýolagçylar, şol sanda haly agyr hassalar keselhana ýerleşdirilipdir.

Karantin zolagynda bolan türkmen raýatlary izolýasiýadaky günleri barada gürrüň berip, synag netijelerini alanlaryndan soň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň hemmeler bilen gürleşendiklerini aýtdylar. Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri türkmenistanlylaryň Türkiýä näme maksat bilen barandyklary, näme bilen meşgullanandygy bilen gyzyklanypdyr. Mundan başga-da, karantin zonasynda izolirlenen türkmen raýatlarynyň jübi telefonlary barlanypdyr.

Türkmenistanyň başga ýurtlar bilen henizem halkara uçar gatnaşygy ýok. 15-nji ýanwarda Stambuldan gelen şol uçar, pandemiýa sebäpli daşary ýurtda galan türkmen raýatlaryny watanyna getirmek üçin hökümet tarapyndan gurnalan uçuşlardan biri bolupdy.

15-nji ýanwarda Türkmenistana baranlaryň birnäçesi Stambulda Türkmenistana barmak üçin 1000-den 3000 dollar aralygynda para tölemeli bolandyklaryny gürrüň berdiler. Olaryň sözlerine görä, pul alyp, ýurda ugratmaga ýardam teklip edýänler Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygy bilen arabaglanyşygy bolan adamlar. Azatlyk Radiosynyň köpsanly synanyşyklaryna garamazdan, Stambuldaky konsullyk bilen habarlaşyp bolmady.

Iki ýyl töweregi wagt bäri dürli ýurtlarda müňlerçe türkmen raýaty watanyna dolanmak üçin mümkinçilik gözleýär. Türkmenistana käwagt barýan uçarlara münmek üçin düzülýän resmi sanawlara goşulmak işi käbirler üçin aýlara, beýlekiler üçin bir ýyldan köp wagty alýar.

Häzirki wagtda Türkiýede galan türkmenler häkimiýetleriň ünsüni özüne çekip, watanyna gitmek üçin mümkinçiligiň döremegini umyt edip, öz-özünden Stambulyň howa menziline ýygnanýarlar.

Türkmenistanly 60 ýaşly Ibragim Begjanow aeroportda 17 gün geçirdi. Ýaşuly 30-njy ýanwarda howa menzilinden kowlandan soň, onuň ýerine ýene birnäçe adam bardy. 4-nji fewralda Stambulyň howa menzilinde 20 çemesi türkmen raýatynyň barandygyny "Türkmen Helsinki Fondy" habar berdi. 7-nji fewralda aeroportda 3 adam bardy.

Pandemiýa sebäpli beýleki ýurtlarda galan raýatlary eltýän türkmen awiakompaniýasynyň uçarlary esasan Türkmenabadyň howa menziline gelýär. Ýolagçylar sebitdäki ýörite zolaklarda we lukmançylyk edaralarynda üç hepdelik karantinde bolýarlar.

Ýanwar aýynyň ahyrynda Kerki şäherinde täze karantin zonasynyň gurlandygy belli boldy. 3-nji fewralda Azatlygyň habarçysy Kerkidäki karantin zonasynyň hassalary ýerleşdirip başlandygyny habar berdi. Şeýlelik bilen, ýerli remiler Türkmenabatda karantinlerde saklanýanlaryň ýuwaş-ýuwaşdan azalyp, şäheriň özünde-de karantin çäklendirmeleriniň ýeňilleşdirilmegine garaşýarlar.

Türkmenistanda ýanwarda girizilen nobatdaky gulplamadan soň, Lebap welaýaty giriş we çykyş üçin çäklendirildi. Käbir ilatly punktlar doly ýapyldy, ilata sebitleriň arasynda hereket etmek gadagan edildi. Ýurduň häkimiýetleri çäklendirmeleriň sebäplerini resmi taýdan düşündirmediler. Emma berk çäklendirmeler häkimiýetleriniň henizem resmi taýdan boýun almaýan COVID-19 hadysalarynyň köpelmeginiň fonunda girizildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Две пары из Архангельской области зарегистрируют брак в рамках всероссийского свадебного фестиваля на ВДНХ



Здоровье

Тихий инфаркт: Как распознать вовремя?






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Фитнес-эксперт Каневский: единоборства стали популярны среди женщин

Молодожёны из Тверской области скрепили свой брак на Всероссийском свадебном фестивале в Москве

Армяне в Великой Отечественной войне: Иван Георгиевич Магакьян

Президент ТПП РФ Сергей Катырин в ходе рабочего визита в Абу-Даби встретился с председателем Федерации торгово-промышленных палат ОАЭ Абдуллой Аль-Мазруи


Москва

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Мэр Москвы рассказал о благоустройстве территорий около четырех станций на МЦД-3



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Большой театр

Театральный фестиваль «БАШНЯ» в Калининграде откроет Большой театр России




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

"Зенит" в Москве обыграл ЦСКА и сравнял счет в серии

"Динамо" может оформить чемпионский титул РПЛ 19 мая

Врио губернатора Хабаровского края назначили 1-го вице-губернатора Александра Никитина


Карен Хачанов

Теннисист Хачанов вышел в третий круг "Мастерса" в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Джиган

Изумрудные луга, замок как у принцессы Рапунцель: сказочный отпуск Саймоловой и Джигана в Нормандии



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России