Ukraina çozuş duýduryşlary wagtynda Şolz Putin bilen duşuşýar
Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz 15-nji fewralda Moskwada prezident Wladimir Putin bilen gepleşik geçirer. Bu günbatar lideriniň Ukrainanyň golaýynda toplanan rus goşunlary sebäpli güýçlenen dartgynlylygyň arasynda Kremli diplomatiýany saýlamaga yrmak üçin häzire çenli eden soňky tagallasy bolar.
Şolzyň Russiýanyň paýtagtyna edýän sapary Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň we Angliýanyň iki ministriniň geçen hepde krizis gepleşikleri üçin eden ugurdaş saparlaryndan soň amala aşyrylýar.
German lideriniň nobatdaky diplomatik synanyşygy Russiýanyň Ýewropa Bileleşigindäki wekiliniň 15-nji fewralda, ýurduň içindäki rus raýatlaryna hüjüm edilip, “öjükdirilen” ýagdaýynda, Moskwanyň Ukraina çozup biljekdigini duýdurmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
“Şeýle etmäge öjükdirilýänçäk biz Ukrainanyň çägine girmeris" diýip, Orsýetiň RIA habar gullugy Wladimir Çižowyň aýdan sözlerini getirdi. "Eger-de ukrainalylar Russiýa garşy hüjüme başlasa, biziň oňa garşy hüjüme geçmegimize siz geň galmaly däl” diýip, Wladimir Çižow belledi.
“Ýa-da, eger olar haýsam bolsa bir ýerde, Donbasda ýa başga bir ýerde rus raýatlaryny göz-görtele öldürip başlasalar” diýip, ol gündogar Ukrainany nazarda tutup aýtdy. Moskwa tarapyndan goldanýan separatistler bu ýerde 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Ukrainanyň hökümet güýçlerine garşy söweşýär.
Çižowyň sözleri Waşingtonyň gaýta-gaýta beren duýduryşyndan soň, ýagny Orsýetiň Ukraina goşun sürmek üçin galp, toslanyp tapylan bahana hadysalaryny meýilleşdirýändigini mälim edeninden soň aýdyldy.
Angliýanyň daşary işler ministri Liz Truss hem 15-nji fewralda ABŞ duýduryşlaryny gaýtalap, Ukraina çozulmagynyň örän ähtimal bolup galýandygyny we rus goşunlarynyň Kiýewe "örän çalt" aralaşyp biljekdigini aýtdy.