Ukraina “Agzybirlik gününi” belleýär, Baýden rus çozuşynyň henizem mümkindigini aýdýar
Ukraina 16-njy fewralda, dartgynlylygyň ýokary bolup galýan wagtynda "agzybirlik gününi" belleýär, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Russiýanyň goňşy ýurda goşun sürmek ähtimallygynyň şindi hem saklanyp galýandygyny duýdurýar.
Moskwanyň biraz öň sebitdäki goşunlaryny yzyna çekip başlandygyny aýtmagyna garamazdan, Baýden 15-nji fewralda Birleşen Ştatlaryň Russiýanyň Ukraina bilen serhet ýakasynda jemlän harby güýçlerini yzyna çykaryşyny görkezýän subutnamalary entek görmändigini aýtdy.
"Bu gowy bolardy, ýöne biz entek muny tassyklamadyk" diýip, Baýden aýtdy we 150,000-den gowrak hasaplanýan rus goşunlarynyň henizem "örän wehim salýan orunda” galýandygyny sözüne goşdy.
Eger-de Ukraina hüjüm etse, Baýden Birleşen Ştatlaryň Russiýa sanksiýalar bilen berk zarba urmaga taýýardygyny, emma diplomatiýanyň ýol almagyna henizem umyt baglaýandygyny aýtdy.
ABŞ habarlary Russiýanyň Ukraina 16-njy fewraldan gijä galman çozup biljekdigini öňe sürenden soň, watançylyk ruhuny ýokarlandyrmak umydy bilen, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 16-njy fewralda resmi "Agzybirlik gününi" bellemek baradaky karara gol çekdi.