Russiýa, Ukraina krizisi döwründe, 'strategiki güýçleriň' gatnaşmagynda täze harby türgenleşikleri geçirjekdigini yglan etdi
Russiýanyň Goranmak ministrligi, Kremliň Ukrainany basyp almagy meýilleşdirýän bolmagynyň ähtimaldygy baradaky aladalaryň arasynda, 19-njy fewralda prezident Wladimir Putiniň gözegçiliginde täze strategiki harby türgenleşikleriň geçiriljekdigini yglan etdi.
"19-njy fewralda Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçleriniň Ýokary Serkerdesi Wladimir Putiniň ýolbaşçylygynda strategiki öňüni alyş güýçleriň meýilleşdirilen türgenleşigi geçiriler. Onuň dowamynda ballistik we ganatly raketalar atylar" diýlip, ministrligiň 18-nji fewralda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.
Beýanatda türgenleşige Russiýanyň Günorta Harby Etrabynyň howa güýçleriniň goşunlarynyň we enjamlarynyň, şeýle hem Demirgazyk we Gara deňiz flotlarynyň raketa bölümleriniň gatnaşjakdygy hem bellenilýär.
Russiýanyň döwlet "TASS" habar gullugy bu türgenleşikleriň Russiýanyň Uzak Gündogaryndaky Kamçatkadaky Kura türgenleşik meýdançasyna kontinentara ballistik raketa (ICBM) atýan Demirgazyk flotuň strategiki raketa göterýän suwasty gämisini hem öz içine alýandygyny aýtdy. Şeýle-de, habar gullugy ýurduň Ýuwaş ummany flotundan ýadro energiýasy bilen işleýän suwasty gäminiň Russiýanyň demirgazygyndaky Çiža atyş nokadyndaky nyşana kontinentara ballistik raketany atjakdygyny hem belledi.
Mundan başga-da, Russiýanyň Strategiki raketa güýçleri harby türgenleşikler wagtynda kontinentara ballistik raketany synagdan geçirer. Şol bir wagtda, Aerokosmos güýçlerinden uzak aralyga niýetlenen uçarlar ganatly raketalary atarlar.
Bu beýanat Belarusyň awtoritar lideri Alýaksandr Lukaşenkanyň 20-nji fewralda tamamlanýan bilelikdäki harby türgenleşiklerden soň, rus goşunlarynyň Belarusdan çykarylmagy barada Putin bilen gepleşikleri geçirmek üçin Moskwa geleninden birnäçe sagat soň ýaýradyldy.
Belarusyň NATO-nyň gündogar kenary we Ukraina bilen araçäkleşýändigi sebäpli, 30 müň töweregi rus goşunyny öz içine alýan bu türgenleşikler, Günbatarda Kremliň hakyky niýeti barada alada döretdi. ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň çaklamalaryna görä, Russiýanyň Ukraina bilen serhet ýakasyndaky ýerlerde takmynan 130 müň esger we harby enjam bar.
Russiýa Ukrainany basyp almak planlarynyň bardygy baradaky aýdylanlary ret etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.