Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Köneürgençde 'Altyn Asyr' aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili pes bolmagynda galýar

Köneürgençde 'Altyn Asyr' aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili pes bolmagynda galýar

Türkmenistanda garaşylmadyk ýagdaýda irki prezident saýlawlarynyň yglan edilmegi bilen Internet aragatnaşygynyň hili öňküsinden has-da ýaramazlaşýan mahaly, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjylary “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlarynyň hilinden şikaýat edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji fewralda habar berdi.

Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde etrap ýaşaýjylarynyň ençemesi telefonda gürleşmek üçin özleriniň köplenç öýden daşary çykmaly bolýandyklaryny, öýüň içinde ‘anten tutmaýandygyny’ aýdýarlar.

“Biz [Altyn Asyr telefon belgisi birikdirilen] jübi telefonymyzda gepleşjek bolsak, ýa daşary çykmaly bolýarys, ýa-da öýüň içinde äpişgäniň golaýyna baryp, gepleşmeli bolýarys. Jaňlary kabul etmek üçin jübi telefonlarymyzy elmydama äpişgäniň öňünde goýmaly bolýarys” diýip, bir köneürgençli Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“El telefonyma jaň gelse men dessine äpişgäniň öňünden telefony alyp, daşary çykyp gürleşýärin” diýip, ýerli ýaşaýjy sözüniň üstüni ýetirdi.

“Altyn Asyr” aragatnaşyk ulgamy Türkmenistanyň ýeke-täk mobil operatory bolup, resmi habarlarda bu ulgamyň binýadyny ösdürmekde tagalla edilýändigi aýdylýar.

Şol tagallalaryň çäginde,resmi habarlarda aýdylmagyna görä, 2021-nji ýylyň noýabrynda Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek bilen baglylykda “Türkmenaragatnaşyk” agentligine Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ýöne döwlet metbugaty ýurt raýatlarynyň, şol sanda köneürgençli ýaşaýjylaryň aragatnaşyk kynçylyklary barada habar bermeýär.

“Altyn Asyr mobil ulgamynyň anteni juda pes. Eger smartfonymda anten gözlesem, goňşy Özbegistanyň mobil operatorlarynyň antenleri görünýär. Özbegistanyň “Bilaýn” mobil operatorynyň anteni doly tutýar” diýip, beýleki bir köneürgençli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Biz Köneürgenjiň ýaşaýjylary indi birnäçe ýyl bäri Türkmenistanda ýeke-täk mobil operator bolan ‘Altyn Asyr’ aragatnaşyk kärhanasynyň hyzmatlaryna öz nägileligimizi bildirýäris. Öz ýaşaýan jaýyňda el telefonyň işlemese onda el telefonyny götereniň hem peýdasy ýok” diýip, ýerli ýaşaýjy sözüniň üstüni ýetirdi.

“TMCELL” haryt nyşany bilen bellige alnan “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň ýeke-täk mobil operatorydyr. Kompaniýanyň paýlarynyň eýeleri jemgyýetçilige mälim edilmeýär. 2017-nji ýyla çenli ýurtda “Altyn Asyr” bilen bir hatarda “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatory hyzmat edýärdi. Şol ýylyň tomsunda türkmen häkimiýetleri “MTS-Türkmenistan” kärhanasynyň ýurtda iş alyp barmak boýunça şertnamasynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürdiler.

“Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy 2004-nji ýylda esaslandyryldy. Ol Bütindünýä öýjükli aragatnaşyk assosiasiýasynyň agzasydyr.

Galyberse-de, öýjükli kärhananyň hyzmatlarynyň pes hili diňe bir Köneürgenç etrabynda däl, eýsem, ýurduň beýleki künjeklerinde hem abonentleri köseýär.

Ýatlasak, Azatlygyň habarçylary ýanwaryň ortalarynda “Altyn Asyr” mobil aragatnaşyk ulgamynyň Mary welaýatynyň dürli sebitlerinde hem kadaly işlemeýändigini habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda Internet aragatnaşygyny, şeýle-de VPN hyzmatlaryny hem berk çäklendirmekde tanalýar.

“Men öz ýaşaýan otagymda wagtym el telefonyma jaň gelmeýär. Ýöne haçan-da howla çykyp, öý işleri bilen meşgullanyp başlanymda el telefonyma SMS gelip başlaýar. SMS-leri açyp okasam, maňa birnäçe belgiden jaň gelipdir. Otagyň içinde anten tutmansoň, ol jaňlar maňa wagtynda gelmändir” diýip, köneürgençli ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk Radiosy “Altyn Asyr” aragatnaşyk kompaniýasyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70



Мода

Реабилитация после увеличения груди






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

За рубежом к 80-летию освобождения Крыма представили выставку Музея Победы

Откровение артиста госцирка Бурятии Саяна Дондокова - Театр и дети, Культура и Россия, интервью

Пятиэтажный дом частично обрушился в Республике Коми

В деле таджика, утопившего автобус в Мойке, появились новые детали. Пострадавшие дали первые показания


Москва

Армяне в Великой Отечественной войне: Иван Георгиевич Магакьян






Rss.plus
Moscow.media
Москва

В мэрии Москвы рассказали о новых маршрутах круизных теплоходов



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Моргенштерн

Моргенштерн* раскрыл доход от платного телеграм-канала




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Развод на договорных матчах: схемы, риски и пути предотвращения

Баскетбольный «Зенит» с разницей в 14 очков проиграл в Москве ЦСКА и уступает в полуфинальной серии Единой Лиги ВТБ со счётом 1–2

Калужане выиграли 8 медалей на всероссийских соревнованиях по пауэрлифтингу


ATP

Хачанов победил Шевченко во втором круге турнира ATP в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Танцоры из Асбеста выступят в Москве



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России